Mähir siňen nepislik

7 Awgust 2023
538

Öňňin Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi. Ol ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi mynasybetli guraldy. Maslahatda türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berildi.

Taryhy ähmiýeti bolan wakanyň hormatyna guralan maslahat Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşlykdan başlandy. Maslahata gatnaşyjylar sergide goýlan gymmatlyklary synlap, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Halkymyzyň amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklardan ybarat sergide türkmen zenanlarynyň döreden medeni mirasy görkezildi. Munuň özi dabaraly maslahatyň köptaraply häsiýete eýediginiň we onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşürenler Meretdurdy ROZYÝEW, Arslan MÜLLIKOW.
Beýleki habarlar