"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler, okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-usulyýet, ylmy-barlag hem-de medeni-köpçülik işleri, okamak, ýaşamak üçin döredilen şertler bilen giňişleýin tanyşdyrylar. «Açyk gapylar» günleri 2021-nji ýylyň 24-nji aprelinde we 15-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda sagat 1500-da başlanar.

Dil bilen dünýäni biler

Diýarymyzyň bilim edaralarynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Umumybilim berýän mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri üçin maksatlaýyn işler ýola goýulýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi ösüp gelýän ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmek höwesini artdyrmak, olaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmek we zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriň 9 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Dil baýlygy — il baýlygy» atly bäsleşik yglan etdi.

Ylym-bilim özgertmeleri

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň işini düýpli kämilleşdirmek, ylmy işleriň netijeli we önümçilikde ulanylmaga ýaramly bolmagy üçin bu ugurlarda dünýä nusgalyk özgertmeleri amala aşyrdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini kämilleşdirmek, onuň maddy-tehniki binýadyny gowulandyrmak üçin täze Tehniki parky gurup bermek ýurdumyzda bu pudagyň önjeýli ösüşlerine badalga boldy. Ýurdumyzda bilim ulgamy babatda durmuşa geçirilen özgertmeler dünýä nusgalykdyr. Geçen gysga döwrüň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň işiniň döwrebap talaplar esasynda kämilleşdirilmegi, orta mekdeplerde 12 ýyllyk okuw meýilnamasy esasynda bilim berilmegi, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş esaslary, bedenterbiýe, zähmet we hünär okuwlary ýaly täze okuw dersleriniň girizilmegi ösüp gelýän ýaş nesillerimize orta mekdebi tamamlanlarynda bilimiň geljekki basgançaklaryna ýa-da hünärlere ugrukmaga uly mümkinçilikleri döretdi.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bilim edaralaryny sanlylaşdyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegiň baş ýörelgeleri bolup durýar. Şuňa esaslanyp, bilim-terbiýeçilik edaralarynda sanly ulgama geçmek boýunça durmuşa geçirilen hem-de häzirki wagtda alnyp barylýan giň gerimli işler sanardan kändir. Sanly ulgam hakynda söz açylanda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň resmi web-saýtlary barada gürrüň etmek ýakymlydyr. Häzirki wagtda döwletimiziň degişli ýokary okuw mekdepleriniň resmi web-saýtlary döredilip, olar işjeň ýagdaýda hereket edýärler. Ýokary okuw mekdepleriniň her biriniň ýöriteleşen saýtlaryň ugruna, maksadyna we wezipelerine laýyklykda, özboluşly dizaýn bezegi bar. Bellemeli zatlaryň biri-de, şol saýtlarda, ilkinji nobatda, degişli ýokary okuw mekdebiň, onda hereket edýän fakultetleriň, kafedralaryň we hünärleriň taryhy barada gyzykly maglumatlaryň ýerleşdirilenligidir. Özi-de saýtlaryň ählisinde diýen ýaly maglumatlar üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde berilýär.

Bilim binýadynyň belentlikleri

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylmyň-bilimiň ösüşi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyndan habar berýär. Ajap eýýamly, bagtyýar döwrana eýe bolan halkymyzyň uly üstünliklere guwanýan, buýsanýan döwründe milletiň alnyndan ak gün bolup dogýan her bir günde biz şanly seneleriň şaýady bolarys. Eziz Diýarymyzdaky göwün guşuňy ganatlandyrýan ösüşler her bir türkmenistanlynyň kalbynyň buýsanjy bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna barha ýakynlaşdyrýar. Şeýle beýik ösüşlere buýsançly kalbymyz joşa gelip, öz halkyny bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyza alkyş-hoşallyk kelamy bilen pürepürlenýär. Şeýle ösüşli günlerde ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler biziň buýsançly başymyzy Göge ýetirýär. Eziz Diýarymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda özüniň 30 ýyllyk toýuny dabaraly belläp geçmäge giňden taýýarlyk görýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ýeten beýik derejelerini, özgerişlerini görenimizde bolsa ähli rowaçlyklaryň, ösüşleriň, bagtyýarlygyň başynda duran milli Liderimize tüýs ýürekden buýsanýarys.

Multimedia tehnologiýasyndan peýdalanyp okatmak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, ruhubelent, sagdyn bolup ýetişmegi üçin geçilýän il-ýurt bähbitli işler gün-günden rowaçlanýar. Ýurdumyzda orta mekdepleriň enjamlaýyn binýadyny berkitmek, okuw-terbiýeçilik işlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirip, interaktiw usullardan peýdalanmak, multimedia tilsimatlaryny ulanmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu babatda

Durmuş zähmeti dersiniň ähmiýeti

Umumybilim berýän orta mekdeplerde durmuş zähmeti dersini okuwçylara öwretmegiň ähmiýeti uly, sebäbi bu synplarda oglanlar we gyzlar hünär öwrenmek boýunça toparlara bölünip, hünäre ýöriteleşdirilýär. Oglanlar üçin ýörite zähmet otagy bolup, onda okuwçylara gündelik maşgala durmuşynda peýdalanylýan enjamlary we esbaplary ýasamak, bejermek ýaly iş usullary öwredilýär. Okuw maksatnamasy esasynda okadýan 5-nji synplarymda okuwçylaryma «Islegler we gyzyklanmalar» bölümi boýunça agaç ussaçylygy bilen bagly hünärleri öwredýärin. Bu hünär boýunça dürli görnüşli oýnawaçlary, durmuş zerurlygynda gerek bolan enjamlary ýasamak, olaryň ülňülerini çyzmak ýaly ýönekeýinden başlap, çylşyrymly işlere ünslerini çekýärin. Esbap ýasamak üçin haýsy agaçlaryň gerekdigi, olaryň häsiýetleri, nirelerde ösýändigi, bu işde ony haçan peýdalanyp bolýandygy hakynda öwredýärin. Agaçdan atyň we itiň şekiljiklerini ýasamak, çagalar üçin dürli geometrik şekillerden ybarat bolan oýnawaçlaryň daşyny ýonmak usuly bilen taýýarlamagy öwredýärin.

Beýik işler buýsandyrýar

Her gün säher bilen turup, öýden çykanyňda, gül-gunçalaryň ysy gelip duran tebigatyň tämiz howasyndan dem alanyňda, Gurbannazar şahyryň: Säher turup syl ýüzüňe çagaňy,Bolup bilseň päkligiňde şonça bol.Sen sanama gara saçyň agyny,Sen sag-aman öreniňe monça bol — diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Neneň monça bolmajak?! Işe sary ädýän ädimleriň buýsançly başyňy belende göterýär. Üç gatly mekdebiň depesinde şemalyň sesi göýä aýdym bolup pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyz bolsa bilimler öýüniň gujagyna çagyrýar. Bu mekdep ertekiler dünýäsindäki köşgi-eýwana çalymdaş. Degresi çarbagly gözel mekdebi Gahryman

Dil bilen dünýäni gezer

Dil bilmegi döwletlilik hasaplaýan halkymyzyň bu parasatly ýörelgelerini has-da kämilleşdirýän hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde ýaş nesillerimiziň daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmekleri üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň ýörite Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”, şeýle-de bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy gazanylýan üstünlikleriň binýady bolup durýar. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň hatary barha artýar. Netijede, bagtyýar nesillerimize daşary ýurt dilleriniň birnäçesini öwretmek işleri üstünlikli ýola goýuldy. Hytaý dili hem ýaş neslimiziň uly gyzyklanma bilen öwrenýän dilleriniň biridir. Hytaý dili gadymy dilleriň biri bolup, onuň baý taryhy bar. Ol öwrenmesi kyn, şol bir wagtda gyzykly dilleriň biri hasaplanýar. Ýeri gelende aýtsak, bu dil BMG-niň resmi dilleriniň hem biridir. Orta mekdeplerimizde hytaý dili 5-nji synpdan öwredilip başlanýar. Mekdep okuwçylarynda hytaý dilini öwrenmäge bolan höwesiň, yhlasyň yzygiderli ýokarlanýandygy, munuň üçin döredilýän şert-mümkinçilikleriň geriminiň barha giňelýändigi guwandyryjydyr.

Ökdeleri saýlan bäsleşik

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülen milli bilim ulgamyny ösdürmek babatda möhüm ähmiýetli maksatnamalar, taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen nurana geljege alyp gitjek ylymly-bilimli, ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmakda her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda däbe öwrülip geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleri uly ähmiýete eýe. Ýakynda habar berşimiz ýaly, bu bäsleşigiň döwlet tapgyry Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly onlaýn usulda üstünlikli geçirildi. Adatça bolşy ýaly, bu bäsleşikde-de ökdeler öňe saýlandylar, bilimli-sowatly, geljegine umyt bildirilýän mekdep okuwçylarynyň onlarçasy ýüze çykaryldy. Olar bäsleşigiň guramaçylarynyň adalatly belleýişleri ýaly, bäsleşigiň şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirmek bilen, özleriniň bilimlerini, zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuw maksatnamalaryna girizilen dersleriň onusy boýunça geçirilen bäsleşikde welaýatymyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 41 sanysyna bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Şolardan 1-nji orna 8, 2-nji orna 15, 3-nji orna 18 okuwçynyň mynasyp bolmagy örän guwançly ýagdaýdyr. Munuň özi welaýatymyzy

Ýaşlar — geljegiň eýeleri

2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak boýunça yzygiderli amala aşyrylýan işler barada giňişleýin durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň jemgyýetimizde eýeleýän orny, olaryň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iri kärhanalarda milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýändiklerini belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryndan ruhlanyp, ýaş nesillerimiz ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmäge çalyşýarlar. Ýaşlyk — adamyň iň uly mümkinçiligi. Çünki bu döwürde her bir ynsan ylym-bilim ýoluna düşýär, öz ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, aňyny kämilleşdirýär.

Ösüşleriň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ynsanperwer ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen bilim özgertmelerinde durmuşa geçirilýän işler bilim almaga we ylym öwrenmäge höwesi artdyryp, has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki döwürde bilim ulgamyny kämilleşdirmekde oňyn tejribeler toplanyp, nusgalyk işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde hem täze tapgyr başlandy. Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar. Iň esasy zat bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanyp, ertirki güne ynamy artýar» diýip nygtaýar.

Terbiýeçilik sagatlaryny täsirli guramak

Mekdepde okadylýan dürli dersler bilen bir hatarda synp sagatlaryny hem göwnejaý gurap, okuwçylara zerur maglumatlary düşündirmek we öwretmek mümkin. Guraýan synp sagatlarymda baýramçylyklar mynasybetli dürli temalary geçýärin. Ýokary synpda terbiýeçilik sagadynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewleri şan-şöhratymyz» atly temadan görelde sapagyny guradym. Sapakda hormatly

Belent ynam borçly edýär

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşiniň mugallymlaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçiren wagyz-nesihat duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza, halkymyzyň taryhyna söýgi döretmekde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek bilen bagly wagyz-ündew çärelerini mundan beýläk hem ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň edildi. Geljekde ýaşlaryň has-da yhlasly okap, bilimli, hünärli bolup ýetişmelidikleri nygtaldy. «Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halal zähmet çekmek bilen, bedew batly Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň mukaddes borjudyr» diýlip, çärede aýdyldy hem-de ýaş nesillerimiz barada atalyk aladasyny edýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Bilim — bagta rowana

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda milli bilim ulgamy täze belentliklere göterildi. Gahryman Arkadagymyzyň bilim babatda badalga beren özgertmeleri durmuşa ornaşdyrylyp, olar ýaş nesliň aň-düşünjeli, sowatly, ökde hünärli adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky alada ýugrulandyr. Bagtyýarlyk döwrümizde güneşli Diýarymyzyň bagtyýar nesillerine dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr sport we dynç alyş merkezleri röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hyzmatynda. Bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilime uly ähmiýet berilýär. Ylmyň soňky gazananlary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaş nesliň aň-düşünjeli, hünärine ökde, maksadaokgunly, döredijilikli pikirlenýän, täze tehnologiýalardan we daşary ýurt dillerinden baş çykaryp bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. Bu mümkinçiliklere eýe bolýan ýaş nesillerimiz bu günki gün ylym, bilim dünýäsine içgin aralaşýarlar. Halkara, sebit derejelerinde geç

Altyn asyryň altyn zehinleri

Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň tebigy zehinini açmak we ösdürmek babatda bilim işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ukyp-başarnyklaryny görkezen mekdep okuwçylaryny höweslendirmek we halkara bäsleşiklerine taýýarlamak maksady bilen guralýan «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan 10-11-nji synplaryň okuwçylary gatnaşdylar. Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde sanly ulgam arkaly geçirilen bäsleşikde welaýatymyzyň ýokary synp mekdep okuwçylary iňlis we rus dilleri, türkmen dili we edebiýaty, taryh, himiýa, biologiýa, fizika, geografiýa, matematika, informatika dersleri boýunça alan bilimlerini, zehinlerini görkezdiler. Ýokary guramaçylykly geçirilen bäsleşik ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň kemala gelýändigini äşgär etdi. Zehin bäsleşiginde 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika, matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýgül Meredowa, Türkmenbaşy şäherindäki 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Annaberdi Kaşanow rus dili dersi boýunça birinji orunlara mynasyp boldular. Welaýat merkezindäki iňlis dili, fizika, matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Laçyn Hydyrowa rus dili, Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çu

Ýaşlar biziň geljegimizdir

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, asyrlaryň synagyndan geçip kämilleşen medeniýetine aýratyn hormat goýýar. Olara aýawly çemeleşmek, giňişleýin öwrenmek we geljekki nesillere ähli özboluşly öwüşgini bilen ýetirmek üçin yzygiderli alada edýär. Döwlet Baştutanymyz her bir eserinde ýaşlara türkmen halkynyň taryhyna, edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmagy, içgin öwrenmegi we dünýä ýaýmakda tagallalaryny gaýgyrmazlygy, Watany söýmegi wesýet edýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem ylymly-bilimli ýaşlaryň borçlary dogrusynda giňişleýin düşündiriş berilýär. Onda, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bu düşünjeleriň mazmunyna we ähmiýetine göz ýetirmekleri ündelýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz kitabyň «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi» atly bölüminde şeýle diýýär: «Ýiti akyly bolan, pähimli, oýlanmagy başarýan nesiller döwrüň zerurlygyna aýdyň düşünip bilýärler.

Ýaş suratkeşiň üstünligi

Ýakynda Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebine hoş habar gelip gowuşdy. Bu mekdebiň gutardyş hem-de welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň bolsa 9-njy synpynda okaýan zehinli suratkeş Yslam Myradow halkara bäsleşiginde baýrakly orny eýeledi. Has takygy, bu halkara surat bäsleşigi Türki dilli halklaryň medeniýeti we mirasy halkara gaznasy tarapyndan geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçirilen we netijesi Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde jemlenen «Biziň dünýämizi gorap saklalyň: türki dünýäsiniň däp-dessurlary» atly halkara bäsleşige türki dilli döwletlerden ýaş, zehinli suratkeşleriň onlarçasy gatnaşdy. Türkmenabatly mekdep okuwçysy Yslam Myradow şolaryň arasyndan saýlanyp, üçünji orna mynasyp boldy. Ýakynda bolsa onuň adyna ugradylan Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary çagalar çeperçilik mekdebine gelip gowuşdy. Yslam bu halkara bäsleşige «Türkmen milli göreşi» atly çeperçilik eseri bilen gatnaşdy. Bäsleşigiň eminleri onuň işine ýokary baha berdiler.

Sanly dünýäniň açary

Sanly ulgam, onuň sanýetmez mümkinçilikleri hakyndaky söhbediň soňuna çykma ýok. Ol gürrüň, edil, sanly dünýäniň özi ýaly giň, şonuň ýaly-da gyzykly. Ýurdumyzda sanly ulgama geçmek babatda giň gerimde alnyp barylýan işler hakynda pikir öwreniňde bolsa, gürrüňiň ýumagy çözlene-çözlene, ýene-de sanly dünýä hakyndaky söhbede tarap geliberýär. Sanly ulgam diýlende, ilki bilen, adam durmuşyny, zähmetini ýeňilleşdirýän, şol bir wagtyň özünde hem işiň-amalyň netijeliligini hem-de hilini artdyrýan ulgam hakydaňda janlanýar. Dogrudan hem, toplumlaýyn sanly ulgama geçilmeginden ilkinji maksat hem şundan ybarat dälmi, eýsem? Sanly dünýäniň açary, asyl, şu dälmi, näme? Durmuşy aňsatlaşdyrmak, ösüşlere bat bermek. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Şular bilen baglylykda, başyna barlan her bir işiň aňrybaş derejede ýerine ýetirilmegi üçin bolsa, ilki bilen, iş mümkinçilikleri, iş şertleri zerur. Iş hem ýeňil, hem netijeli ýerine ýetirilmeli. Sanly ulgam — bu babatda iň ýakyn hem-de iň dogry çözgüt. Sanly ulgamyň ösmegi bilen dünýä ylmy, gör, nirelere ýetdi! Dünýä ykdysadyýeti, dünýä bilimi, dünýä senagaty sanly ulgama esaslanyp, asyrlyk ädimleri ätdiler. Diýmek, sanly ulgama geçmek dünýä bilen aýakdaş gitmegiň hem baş şertine öwrülýär. Bir düwmede giden işleri dolandyryp, gözegçilik edip bolýar. Ä

Söz manysyn aňlar bolsaň...

Daňlak Günüň dogýan pursady. Bu söz aşakdaky nakylda şapak manysynda hem ulanylypdyr: