Ylym-bilim özgertmeleri

20 Aprel 2021
1466

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň işini düýpli kämilleşdirmek, ylmy işleriň netijeli we önümçilikde ulanylmaga ýaramly bolmagy üçin bu ugurlarda dünýä nusgalyk özgertmeleri amala aşyrdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini kämilleşdirmek, onuň maddy-tehniki binýadyny gowulandyrmak üçin täze Tehniki parky gurup bermek ýurdumyzda bu pudagyň önjeýli ösüşlerine badalga boldy.

Ýurdumyzda bilim ulgamy babatda durmuşa geçirilen özgertmeler dünýä nusgalykdyr. Geçen gysga döwrüň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň işiniň döwrebap talaplar esasynda kämilleşdirilmegi, orta mekdeplerde 12 ýyllyk okuw meýilnamasy esasynda bilim berilmegi, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş esaslary, bedenterbiýe, zähmet we hünär okuwlary ýaly täze okuw dersleriniň girizilmegi ösüp gelýän ýaş nesillerimize orta mekdebi tamamlanlarynda bilimiň geljekki basgançaklaryna ýa-da hünärlere ugrukmaga uly mümkinçilikleri döretdi.

Täzegül NURYÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.