Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

20 Aprel 2021
1103

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bilim edaralaryny sanlylaşdyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegiň baş ýörelgeleri bolup durýar. Şuňa esaslanyp, bilim-terbiýeçilik edaralarynda sanly ulgama geçmek boýunça durmuşa geçirilen hem-de häzirki wagtda alnyp barylýan giň gerimli işler sanardan kändir. Sanly ulgam hakynda söz açylanda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň resmi web-saýtlary barada gürrüň etmek ýakymlydyr.

Häzirki wagtda döwletimiziň degişli ýokary okuw mekdepleriniň resmi web-saýtlary döredilip, olar işjeň ýagdaýda hereket edýärler. Ýokary okuw mekdepleriniň her biriniň ýöriteleşen saýtlaryň ugruna, maksadyna we wezipelerine laýyklykda, özboluşly dizaýn bezegi bar. Bellemeli zatlaryň biri-de, şol saýtlarda, ilkinji nobatda, degişli ýokary okuw mekdebiň, onda hereket edýän fakultetleriň, kafedralaryň we hünärleriň taryhy barada gyzykly maglumatlaryň ýerleşdirilenligidir. Özi-de saýtlaryň ählisinde diýen ýaly maglumatlar üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde berilýär.

Perman HALLYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.