Ýaş suratkeşiň üstünligi

14 Aprel 2021
1112

Ýakynda Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebine hoş habar gelip gowuşdy. Bu mekdebiň gutardyş hem-de welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň bolsa 9-njy synpynda okaýan zehinli suratkeş Yslam Myradow halkara bäsleşiginde baýrakly orny eýeledi.

Has takygy, bu halkara surat bäsleşigi Türki dilli halklaryň medeniýeti we mirasy halkara gaznasy tarapyndan geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçirilen we netijesi Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde jemlenen «Biziň dünýämizi gorap saklalyň: türki dünýäsiniň däp-dessurlary» atly halkara bäsleşige türki dilli döwletlerden ýaş, zehinli suratkeşleriň onlarçasy gatnaşdy. Türkmenabatly mekdep okuwçysy Yslam Myradow şolaryň arasyndan saýlanyp, üçünji orna mynasyp boldy. Ýakynda bolsa onuň adyna ugradylan Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary çagalar çeperçilik mekdebine gelip gowuşdy. Yslam bu halkara bäsleşige «Türkmen milli göreşi» atly çeperçilik eseri bilen gatnaşdy. Bäsleşigiň eminleri onuň işine ýokary baha berdiler.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.