Dil bilen dünýäni biler

21 Aprel 2021
1225

Diýarymyzyň bilim edaralarynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Umumybilim berýän mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri üçin maksatlaýyn işler ýola goýulýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi ösüp gelýän ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmek höwesini artdyrmak, olaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmek we zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriň 9 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Dil baýlygy — il baýlygy» atly bäsleşik yglan etdi.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.