Altyn asyryň altyn zehinleri

14 Aprel 2021
3287

Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň tebigy zehinini açmak we ösdürmek babatda bilim işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ukyp-başarnyklaryny görkezen mekdep okuwçylaryny höweslendirmek we halkara bäsleşiklerine taýýarlamak maksady bilen guralýan «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan 10-11-nji synplaryň okuwçylary gatnaşdylar. Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde sanly ulgam arkaly geçirilen bäsleşikde welaýatymyzyň ýokary synp mekdep okuwçylary iňlis we rus dilleri, türkmen dili we edebiýaty, taryh, himiýa, biologiýa, fizika, geografiýa, matematika, informatika dersleri boýunça alan bilimlerini, zehinlerini görkezdiler. Ýokary guramaçylykly geçirilen bäsleşik ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň kemala gelýändigini äşgär etdi.

Zehin bäsleşiginde 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika, matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýgül Meredowa, Türkmenbaşy şäherindäki 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Annaberdi Kaşanow rus dili dersi boýunça birinji orunlara mynasyp boldular. Welaýat merkezindäki iňlis dili, fizika, matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Laçyn Hydyrowa rus dili, Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwran Ýagmyrow biologiýa dersleri boýunça ikinji orunlary eýelemegi başardylar. Türkmenbaşy şäherindäki 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Aknur Hojanazarowa türkmen dili we edebiýaty, Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika, matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Amannazar Dänäýew taryh, Serdar şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Bilbil Çaryýarowa rus dili, Serdar şäherindäki 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýjemal Suhanberdiýewa iňlis dili, Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Maksat Temirow geografiýa, Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika, matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Dilara Hudaýberdiýewa biologiýa, Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Jemal Mämmetgylyjowa matematika ders- leri boýunça üçünji orunlara eýe boldular.

Oguljennet ORAZOWA,
“Balkan”.