Ösüşleriň gözbaşy

15 Aprel 2021
1136

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ynsanperwer ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen bilim özgertmelerinde durmuşa geçirilýän işler bilim almaga we ylym öwrenmäge höwesi artdyryp, has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Häzirki döwürde bilim ulgamyny kämilleşdirmekde oňyn tejribeler toplanyp, nusgalyk işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde hem täze tapgyr başlandy. Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar. Iň esasy zat bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanyp, ertirki güne ynamy artýar» diýip nygtaýar.

Oguljan ABDULLAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.