Ýaşlar biziň geljegimizdir

14 Aprel 2021
1399

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, asyrlaryň synagyndan geçip kämilleşen medeniýetine aýratyn hormat goýýar. Olara aýawly çemeleşmek, giňişleýin öwrenmek we geljekki nesillere ähli özboluşly öwüşgini bilen ýetirmek üçin yzygiderli alada edýär. Döwlet Baştutanymyz her bir eserinde ýaşlara türkmen halkynyň taryhyna, edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmagy, içgin öwrenmegi we dünýä ýaýmakda tagallalaryny gaýgyrmazlygy, Watany söýmegi wesýet edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem ylymly-bilimli ýaşlaryň borçlary dogrusynda giňişleýin düşündiriş berilýär. Onda, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bu düşünjeleriň mazmunyna we ähmiýetine göz ýetirmekleri ündelýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz kitabyň «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi» atly bölüminde şeýle diýýär: «Ýiti akyly bolan, pähimli, oýlanmagy başarýan nesiller döwrüň zerurlygyna aýdyň düşünip bilýärler.

Leýla ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.