Durmuş zähmeti dersiniň ähmiýeti

20 Aprel 2021
1535

Umumybilim berýän orta mekdeplerde durmuş zähmeti dersini okuwçylara öwretmegiň ähmiýeti uly, sebäbi bu synplarda oglanlar we gyzlar hünär öwrenmek boýunça toparlara bölünip, hünäre ýöriteleşdirilýär. Oglanlar üçin ýörite zähmet otagy bolup, onda okuwçylara gündelik maşgala durmuşynda peýdalanylýan enjamlary we esbaplary ýasamak, bejermek ýaly iş usullary öwredilýär.

Okuw maksatnamasy esasynda okadýan 5-nji synplarymda okuwçylaryma «Islegler we gyzyklanmalar» bölümi boýunça agaç ussaçylygy bilen bagly hünärleri öwredýärin. Bu hünär boýunça dürli görnüşli oýnawaçlary, durmuş zerurlygynda gerek bolan enjamlary ýasamak, olaryň ülňülerini çyzmak ýaly ýönekeýinden başlap, çylşyrymly işlere ünslerini çekýärin. Esbap ýasamak üçin haýsy agaçlaryň gerekdigi, olaryň häsiýetleri, nirelerde ösýändigi, bu işde ony haçan peýdalanyp bolýandygy hakynda öwredýärin. Agaçdan atyň we itiň şekiljiklerini ýasamak, çagalar üçin dürli geometrik şekillerden ybarat bolan oýnawaçlaryň daşyny ýonmak usuly bilen taýýarlamagy öwredýärin.

Dilegberdi JÜMENOW,
Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.