«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler, okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-usulyýet, ylmy-barlag hem-de medeni-köpçülik işleri, okamak, ýaşamak üçin döredilen şertler bilen giňişleýin tanyşdyrylar.
«Açyk gapylar» günleri 2021-nji ýylyň 24-nji aprelinde we 15-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda sagat 1500-da başlanar.