Ýaşlar — geljegiň eýeleri

15 Aprel 2021
1331

2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak boýunça yzygiderli amala aşyrylýan işler barada giňişleýin durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň jemgyýetimizde eýeleýän orny, olaryň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iri kärhanalarda milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýändiklerini belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryndan ruhlanyp, ýaş nesillerimiz ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmäge çalyşýarlar.

Ýaşlyk — adamyň iň uly mümkinçiligi. Çünki bu döwürde her bir ynsan ylym-bilim ýoluna düşýär, öz ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, aňyny kämilleşdirýär.

Röwşen HOJAMOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.