Belent ynam borçly edýär

14 Aprel 2021
1143

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşiniň mugallymlaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçiren wagyz-nesihat duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza, halkymyzyň taryhyna söýgi döretmekde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek bilen bagly wagyz-ündew çärelerini mundan beýläk hem ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň edildi. Geljekde ýaşlaryň has-da yhlasly okap, bilimli, hünärli bolup ýetişmelidikleri nygtaldy. «Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halal zähmet çekmek bilen, bedew batly Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň mukaddes borjudyr» diýlip, çärede aýdyldy hem-de ýaş nesillerimiz barada atalyk aladasyny edýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Bägül SÄDIÝEWA,
TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.