Bilim — bagta rowana

14 Aprel 2021
1330

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda milli bilim ulgamy täze belentliklere göterildi. Gahryman Arkadagymyzyň bilim babatda badalga beren özgertmeleri durmuşa ornaşdyrylyp, olar ýaş nesliň aň-düşünjeli, sowatly, ökde hünärli adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky alada ýugrulandyr. Bagtyýarlyk döwrümizde güneşli Diýarymyzyň bagtyýar nesillerine dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr sport we dynç alyş merkezleri röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hyzmatynda. Bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilime uly ähmiýet berilýär. Ylmyň soňky gazananlary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaş nesliň aň-düşünjeli, hünärine ökde, maksadaokgunly, döredijilikli pikirlenýän, täze tehnologiýalardan we daşary ýurt dillerinden baş çykaryp bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. Bu mümkinçiliklere eýe bolýan ýaş nesillerimiz bu günki gün ylym, bilim dünýäsine içgin aralaşýarlar. Halkara, sebit derejelerinde geçirilýän döredijilik, zehin bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda üstünliklere eýe bolýarlar. 

Bilim bagta barýan ýoldur. Bu ýoluň şuglaly, aýdyň bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Merýem ABAÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 3-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.