"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Uly durmuşa ganat ýaýan uçurym

Nurana Rejepgulyýewa,Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň uçurymy:― Her bir adamyň durmuşynda bagtly we ýatdan çykmajak şatlykly pursatlar bolup geçýär. Ynha, bu gün biz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramy bilen «Soňky jaň» dabaramyzy bilelikde belleýäris. Şeýle ajaýyp dabaralaryň şaýady bolmak kalbyňda şatlyk duýgularyny oýarýar. Men çagalykdan taryh dersi bilen içgin gyzyklanyp gelýärin. Bu ugurda kakam Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy Rejepguly Annagurbanow iň ýakyn maslahatçym. Kakamyň höweslendirmegi bilen çagalykdan «taryh» atly dünýäniň gapysyny kakdym. Mekdebimiziň taryh mugallymy Sadat Jumakulyýewa hem 4-nji synpdan başlap, bu dersi maňa çuňňur öwredip başlady. Şeýdip men 2016-njy ýylda «Bahar ― 2016» atly taryh dersi boýunça Infosapak halkara internet bäsleşiginde ikinji, 2019—2020-nji okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda birinji, şu okuw ýylynda bolsa, ikinji orna mynasyp boldum. Uçurym bolýan ýylymda şeýle üstünlik gazanmagym meniň bu ugurda bilimimi dowam etdirmeklige hyjuwlandyrýar. Biz mekdebi tamamlasak-da, durmuş biziň üçin indi başlanýar. Öňümizde durmuşyň entek külterlenmeli uly ýollary bar. «Soňky jaň» dabarasy bilen ähli deň-duşlarymy gutlaýaryn. Ýüreklerimizde beslän ak arzuwlarymyza ýetmek üçin ähli şertleri döredýän ho

«Men seň ömürbaky esgeriň, Watan!»

Geçen ýyl tomusky dynç alşyna çykyp, öýe baran günüm aýal doganym maşgalasy bilen bize myhmançylyga gelen eken. Ukusy gelse-de, gözüni tegeläp, daýysynyň gelerine garaşyp oturan ýegenjigim meniň bilen gadyrly salamlaşanyndan soň, doganym ony ejemiňkä çalym edýän mylaýym owazy bilen hüwdülemäge başlady: Agaç agaja bakar,Arasyndan suw akar.Oglum harby bolar,                                IlimDöşüne orden dakar.

Umytly arzuwlar — maksatly menzillere

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny pugtalandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebini tamamlaýan, geljege uly umyt bilen gadam basmaga taýyn uçurymlar üçin «Soňky jaň» dabarasynyň uly şatlyk-şowhun bilen geçirilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu waka mähriban uçurymlarymyz üçin hakykatdan hem ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Çünki bu ýyl «Soňky jaň» dabarasy ak mermere beslenen Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllyk baýramy bilen utgaşdy. Biziň her birimiz üçin mähriban Diýarymyzyň eziz topragy, gözel paýtagtymyz bahasyna ýetip bolmajak mirasdyr we gymmatlykdyr, olary geljekki nesillere ýetirmek bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr. Bu borjy tüýs ýürekden ýerine ýetirmegi maksat eden bagtyýar harby okuwçylar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň nyzam meýdançasynda başlaryny belent tutup, öz saýlap alan hünärlerine ygrarly bolmak bilen, mundan beýläk hem Watanymyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Durmuşa ilkinji ädim

Öň­ňin ýur­du­my­zyň äh­li or­ta mek­dep­le­rin­de 2020 — 2021-nji okuw ýy­ly­nyň ta­mam­lan­ýan­dy­gy­ny buş­la­ýan «Soň­ky jaň» ka­kyl­dy. «Soň­ky jaň» da­ba­ra­synyň ýur­du­my­zyň äh­li künjegin­de ýo­ka­ry derejede bel­le­ni­li­şi ýa­ly, TGM-niň Sol­tan San­jar adyn­da­ky Ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­bin­de hem bu dabara ulu­dan toý­la­nyl­dy. We­la­ýat ki­tap­ha­na­sy­nyň öňün­de uly şat­lyk-şow­hun bi­len guralan bu çä­re, har­by mek­de­bi ta­mam­la­ýan her bir har­by okuw­çy üçin diý­seň tol­gun­dy­ry­jy pur­satlara baý bol­dy. Çä­rä­niň do­wa­myn­da uçu­rym­la­ra gow­şu­ry­lan sow­gat­lar, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len aý­dym-saz­lar, oka­lan goş­gu­lar uçu­rym­la­ryň be­genç­le­ri­ni has-da art­dyr­dy. Iň tol­gun­dy­ry­jy pur­sat bol­sa, soň­ky ja­ňyň ka­ky­lyş pur­sa­dy bol­dy. Çünki soň­ky ja­ňyň şow­hun­ly se­si mek­de­bi ta­mam­la­ýan uçu­rym­la­ryň ak mek­dep­le­ri bi­len hoş­laş­ýan­dyk­la­ry­ny ha­bar ­berýärdi. «Soňky jaň» da­ba­ra­synyň bar­şyn­da myh­man­lar öz­le­ri­niň gut­lag söz­le­ri bi­len çy­kyş edip, uçu­rym­la­ra ak ýol ar­zuw et­di­ler. Har­by mek­de­bi ta­mam­la­ýan har­by okuw­çy­la­ryň gel­jek­de Wa­ta­ny­my­za, mäh­ri­ban hal­ky­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we­pa­ly ýaş wa­tan­çy­lar bo­lup ýe­tiş­jek­dik­le­ri­ne berk ynan­ýa­rys! Ýo­lu­ňyz ak bol­sun, har­by uçu­rym­lar!

Nowjuwanlygyň we ruhy joşgunyň baýramy

Welaýatymyzda «Soňky jaň» dabarasy uly ruhubelentlige beslendi Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlarynyň durmuşynda ähmiýetli waka hasaplanýan «Soňky jaň» dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerime eýe boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dünýä binagärliginiň merjeni hasaplanýan ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk senesi bilen gabat gelmegi bu dabara özboluşly mazmun çaýdy.

Bagtly uçurymlar

Bilim dünýäsiniň tylla gapysynAçyp bilim berdiň, öwretdiň edep.Biz saňa minnetdar, biz senden hoşal,Eý, bilim ojagmyz, eziz ak mekdep! Alkyş aýdýas size, mugallymlarmyz,Janyňyz sag, uzak bolsun ýaşyňyz!Belent sarpamyzdan nyşan hökmündeEgýäs öňüňizde juwan başymyz.

«Soňky jaň» dabarasy ruhubelentlige beslendi

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda şeýle bellenilýär: «Sizi 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy we bilimler dünýäsinde täze belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamzadyň döreden iň gymmatly mirasy terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym we bilimdir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny şanly wakalar bilen şöhratlandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanan çäreleriň bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratyny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar ýaşlarymyzda ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynanýaryn». Ähli zatlaryň ilkinjisi we jemleýjisi ýatda galyjy bolýar. Ýaşyň kiçidirem welin, elli ýaşyňda bolsaňam, ilkinji gezek çagalar bagyna, mekdebe baran günüňi hiç unudyp bilmersiň!

Netijeli işler alnyp barylýar

Orta mekdeplerde 2020 – 2021-nji okuw ýyly tamamlanýar. Muny üstünlikli jemlemek bolsa her bir bilim işgäriniň we mekdep mugallymlarynyň esasy maksady bolup durýar. Tejen şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiň agzybir işgärleri ýyl boýunça çeken yhlaslarynyň zähmetine buýsanýarlar. 2011-nji ýylda işläp başlan bu mekdep, bir müň okuwça niýetlenendir. Bu ýerde mugallymlaryň 74-si okuwçylara bilim we terbiýe berýär. Şu okuw ýylynda 286-y okuwçy 1-nji synpy tamamlady. Olar hormatly Prezidentimiziň sowgat beren şahsy kompýuterleri bilen hem üpjün edildi. Şu ýyl mekdebiň okuwçylary halkara internet we ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. «Erudit» internet bäsleşiginde mekdebiň üç sany okuwçysy halkara derejede ýeňiji bolmagy başardylar. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda 27 okuwçy üstünlik gazandy. Onuň döwlet tapgyryna gatnaşan okuwçylar bolsa baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Kämilligiň binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her bir işde «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä eýerýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde alyp barýan ägirt uly işlerine, gazanylýan üstünliklere guwanýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan meýilnamalaýyn işlerde bilim maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygyna, bilimi ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda eýýäm gysga wagtyň içinde köp işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem halk hojalygynyň we önümçiligiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. «Güýçli döwletde ylym ilkinji orny eýeleýär» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde düýpli, tutumly işleri alyp barmaga badalga berdi.

Bilim — durnukly ösüşiň binýady

Milli Liderimiz: «Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Munuň özi ösüşiň täze belentliklerini nazarlap ynamly öňe barýan Berkarar döwletimizde bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanmak arkaly bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy eýýamda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ak şäherimiz Aşgabatda we welaýatlarda döwrebap bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bilim ojaklarynyň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp, interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuw maglumatynyň multimediýa serişdesini peýdalanmak arkaly interaktiw us

Mekdeplerde ýaňlanýar «Soňky jaňyň» owazy

Jaň owazy — okuw mekdeplerini tamamlaýan bagtyýar ýaşlary durmuşa atarýan ak ýoluň buşlukçysy. Onuň ýakymly owazy ynsan kalbynda ýer eden iň süýji ýatlamalary oýarýar. Mekdep ýyllary — her bir ynsan bilen bagly bolan durmuşyň ajaýyp, söz bilen beýan edip bolmajak täsin duýgulara beslenen pursatlary. «Soňky jaňyň» tolgundyryjy sesini eşiden mahalyň täsin duýgulary başdan geçirýärsiň. Bilim-terbiýe beren mekdebiň, zähmetini, yhlasyny gaýgyrmadyk eziz mugallymlaryň, dogan ýaly bolup, bile okan synpdaşlaryň birin-birin göz öňünde janlanýar. Hyýalyňda «Eý, mekdebim, jana-jan, saňa bolan söýgim kän» diýip, ilkinji öwrenen aýdymyňa hiňlenip, ýene-de okuwçy bolup, ak mekdebiň goýnuna dolanyňy duýman galýarsyň. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gün-günden gülläp, gül açýan ata Watanymyzda ýene bir okuw ýyly tamamlanýar. Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelen bu ýylky «Soňky jaň» dabarasy uly ruhubelentlikde bellenilýär. Bu gün göwünleri ganatly, ylmyň gyzykly dünýäsine, täze giňişliklerine atygsaýan kalby buýsançdan doly uçurymlar uzak ýollara uzaýan durmuşa gadam basýarlar. Olaryň öňlerinde anyk maksatlar dur — Gahryman Prezidentimize, ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ökde hünärli, ile-güne gerekli adamlar bolup ýetişmeli. Şol maksatlary amala aşyrmak üçin bolsa,

Biz — bagtyýar nesiller

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz biziň okamagymyz, öwrenmegimiz üçin giň mümkinçilikleri, amatly şertleri döredip berýär. Bu bolsa gülleýän gül açýan ýurdumyza, ene topragymyza bolan söýgi-buýsanjymyzy artdyrýar. Bagtly çagalygyň ýurdy bolan güneşli ülkämizde ýaş nesliň ylymly, bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi, kämil tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli şertler bar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde multimediýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. «Siz okamak we öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz!» diýip nygtaýan mähriban Arkadagymyzyň sargytlaryndan ugur alyp, geljekde ata Watanymyzyň nurana ýolunda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşandymyzy goşarys.

Şu gün Diýarymyzyň mekdeplerinde «Soňky jaň» kakylýar

Durmuş ýoluna badalga Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, Watanymyzyň ertiri bolan ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda döwlet derejesinde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli etraplarynda, obalarynda çagalar baglarydyr orta mekdeplerde ýaş nesliň durnukly bilim we döwrebap terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Sanly bilim ulgamyny döretmekde, daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek boýunça konsepsiýalary durmuşa geçirmekde oňat netijeler gazanylýar. Ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynyň talyplary, orta mekdepleriň okuwçylary halkara derejesinde geçirilýän ylmy we ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolup, Watanymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrýarlar.

Bagtly nesilleriň ýürek owazy

«Söz — köňlüň aýnasy» diýilýär. Ynsan kalbyndan syzylyp çykýan söz baýlygy täsin bir hazyna. Söz ynsanlaryň dertlerini egsip, rahatlandyryp, gaýgy-gussadan daşlaşdyryp bilýär. Hawa, 22-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowaryna Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar, şol sanda bu ýerde bilim-terbiýe alýan uçurymlar hem gatnaşdylar. Milli Liderimiz söhbetdeş bolup, uçurymlardan haýsy käriň eýeleri bolaslary gelýändigini, näme arzuw-islegleriniň bardygyny sorady. Eziz okyjylar! Biz hem bagtly nesilleriň — bu dabara gatnaşyjy ýaşlaryň käbiriniň ýürek owazlaryny size ýetirmegi makul bildik.

Zähmete höwes döredýän mugallym

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azadynyň: «Bir adama bilim we terbiýe bermegiň sogaby müň sany ajy geýindireniň, doýranyň sogabyna barabardyr» diýen pähim-parasada eýlenen sözi bar. Biziň ýurdumyzda hem özüniň tutuş ömrüni sogaply işe — asylly mugallymçylyk kärine bagyşlan görnükli adamlar az däl. Şeýle mugallymlaryň biri-de Mary şäherindäki 27-nji orta mekdebiň surat, çyzuw mugallymy Kakamyrat Oramowdyr. Kakamyrat mugallym döwlet derejesinde geçirilýän «El hünäri — il gezer» atly döredijilik bäsleşiginde baýrakly orunlary eýeleýän okuwçylaryň halypasy hökmünde giňden tanalýar. Mugallym okuwçylara surat çekmek, heýkel ýasamak, amaly-haşam sungatyny öwretmek bilen bu kärde ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekip gelýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bedew atlaryň waspy

Eý, mekdebim, jana-jan!

Şadyýan çaga aýdymynyň bu ajaýyp setirlerine biziň her birimiz öz döwrümizde hiňlenendiris. Ak mekdebiň tämiz bosagasyndan çaga uly ynam, höwes bilen ätleýär. Wagta salym ýok diýleni. Bilimleriň ýagty dünýäsine täsin syýahata eýlenen mekdep ýyllary edil ýaz öýlänçisi ýaly salym alman geçip gidýär. Güllere baý 25-nji maý. Bu günüň ýüreklerde döredýän ýakymyny diýsene! Biziň her birimizi süýji ýatlamalara dolaýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde şatlykly, tolgundyryjy waka — «Soňky jaň» dabarasy geçirilýär. Bu ýyl «Soňky jaň» dabarasy ýene bir ajaýyp senä — ak paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýuna gabat geldi. Çaga bagtyýarlygynyň gaýnap joşýan ojagy bolan ak mekdepler ak şäherimiziň ajap zynaty bolup, göreniň nazaryny özünde egleýär.

Paýtagtymyzyň ilkinji bilim ojaklarynyň biri hem: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetidir

Aşgabat — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ählitaraplaýyn ösüşleriniň aýnasy, Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ussatlygynyň gaýtalanmajak nusgasy. Onuň goýnunda görküne görk goşup oturan kaşaň binalaryň her biri baş şäherimiziň juwanlykdan, bagtyýarlykdan hem taryhdan söz açýan soňlanmajak aýdymyna öz «sesini» goşýar. Şeýle binalaryň biri-de nesilleriň onlarça tapgyryny ylymdan, hünärden paýly eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetidir. 1981-nji ýylda TSSR-iň Merkezi döwlet arhiwi tarapyndan çap edilen «Хроника истории Ашхабада» atly kitapda ýerleşdirilen maglumatlaryň arasynda 1931-nji ýylda Döwlet pedagogika institutynyň esaslandyrylandygy hakynda habar berilýär. Şol ýyllarda bu bilim ojagynda diňe üç — agro-pedagogiki, guramaçylyk-usulyýet, dil we edebiýat bölümleri hereket edip, institutda 5 dosent we 7 assistent zähmet çekipdir. 1936-njy ýylda bu instituta A.M.Gorkiniň ady dakyldy.

Goýnuňda günler bagtyýar

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mermer binalara beslenen gözel Aşgabadymyzyň gününi bellemek indi asylly däbe öwrüldi. Ak şäherimiziň goýnunda günlerimiz bagtyýarlyga beslenip, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni bellenilip geçilýär. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramy toý-dabaralara beslenip bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda uludan bellenilýän baýramçylyk senelerimiziň üstüni ýetirdi. Baş şäherimiziň gününiň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabarasyna gabat gelmegi milli baýramlarymyzyň senenamasynda goşa baýramy emele getirdi. 25-nji maý — ak şäherimiziň hem-de ýaşlaryň güni hökmünde göwnümizi galkyndyrýar.

Uçurym — 2021

SOŇKY JAŇÝetip geldi «Soňky jaň»,Diýýäs saňa: «Hoş mekdep!».Keşbiň galar gözlerde,Mysaly ak guş mekdep. Mekdebim, ojagy sen,Terbiýäniň, bilimiň.Kalplaryň keşdesi sen,Senasysyň dilimiň.