Zähmete höwes döredýän mugallym

24 Maý 2021
945

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azadynyň: «Bir adama bilim we terbiýe bermegiň sogaby müň sany ajy geýindireniň, doýranyň sogabyna barabardyr» diýen pähim-parasada eýlenen sözi bar. Biziň ýurdumyzda hem özüniň tutuş ömrüni sogaply işe — asylly mugallymçylyk kärine bagyşlan görnükli adamlar az däl. Şeýle mugallymlaryň biri-de Mary şäherindäki 27-nji orta mekdebiň surat, çyzuw mugallymy Kakamyrat Oramowdyr.

Kakamyrat mugallym döwlet derejesinde geçirilýän «El hünäri — il gezer» atly döredijilik bäsleşiginde baýrakly orunlary eýeleýän okuwçylaryň halypasy hökmünde giňden tanalýar. Mugallym okuwçylara surat çekmek, heýkel ýasamak, amaly-haşam sungatyny öwretmek bilen bu kärde ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekip gelýär.