Biz — bagtyýar nesiller

24 Maý 2021
1123

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz biziň okamagymyz, öwrenmegimiz üçin giň mümkinçilikleri, amatly şertleri döredip berýär. Bu bolsa gülleýän gül açýan ýurdumyza, ene topragymyza bolan söýgi-buýsanjymyzy artdyrýar. Bagtly çagalygyň ýurdy bolan güneşli ülkämizde ýaş nesliň ylymly, bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi, kämil tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli şertler bar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde multimediýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar.

«Siz okamak we öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz!» diýip nygtaýan mähriban Arkadagymyzyň sargytlaryndan ugur alyp, geljekde ata Watanymyzyň nurana ýolunda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşandymyzy goşarys.

Söýli GURBANOWA,
Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.