Goýnuňda günler bagtyýar

24 Maý 2021
1093

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mermer binalara beslenen gözel Aşgabadymyzyň gününi bellemek indi asylly däbe öwrüldi. Ak şäherimiziň goýnunda günlerimiz bagtyýarlyga beslenip, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni bellenilip geçilýär. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramy toý-dabaralara beslenip bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda uludan bellenilýän baýramçylyk senelerimiziň üstüni ýetirdi. Baş şäherimiziň gününiň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabarasyna gabat gelmegi milli baýramlarymyzyň senenamasynda goşa baýramy emele getirdi. 25-nji maý — ak şäherimiziň hem-de ýaşlaryň güni hökmünde göwnümizi galkyndyrýar.

«Watan».