Uly durmuşa ganat ýaýan uçurym

26 Maý 2021
1882

Nurana Rejepgulyýewa,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň uçurymy:

― Her bir adamyň durmuşynda bagtly we ýatdan çykmajak şatlykly pursatlar bolup geçýär. Ynha, bu gün biz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramy bilen «Soňky jaň» dabaramyzy bilelikde belleýäris. Şeýle ajaýyp dabaralaryň şaýady bolmak kalbyňda şatlyk duýgularyny oýarýar. Men çagalykdan taryh dersi bilen içgin gyzyklanyp gelýärin. Bu ugurda kakam Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy Rejepguly Annagurbanow iň ýakyn maslahatçym. Kakamyň höweslendirmegi bilen çagalykdan «taryh» atly dünýäniň gapysyny kakdym. Mekdebimiziň taryh mugallymy Sadat Jumakulyýewa hem 4-nji synpdan başlap, bu dersi maňa çuňňur öwredip başlady. Şeýdip men 2016-njy ýylda «Bahar ― 2016» atly taryh dersi boýunça Infosapak halkara internet bäsleşiginde ikinji, 2019—2020-nji okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda birinji, şu okuw ýylynda bolsa, ikinji orna mynasyp boldum. Uçurym bolýan ýylymda şeýle üstünlik gazanmagym meniň bu ugurda bilimimi dowam etdirmeklige hyjuwlandyrýar. Biz mekdebi tamamlasak-da, durmuş biziň üçin indi başlanýar. Öňümizde durmuşyň entek külterlenmeli uly ýollary bar. «Soňky jaň» dabarasy bilen ähli deň-duşlarymy gutlaýaryn. Ýüreklerimizde beslän ak arzuwlarymyza ýetmek üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Bazarkuly Baýmuradow,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň uçurymy:

― Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz bagtyýarlygyň, rowaçlygyň ýurduna öwrüldi. Ähli amatlylyklary özünde jemleýän synp otaglarynda dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary, interaktiw tagtalar, multimediýa serişdeleri ornaşdyrylýar. Bu bolsa bize çuňňur bilim almaklyga ýardam edýär.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Bahar JUMANAZAROWA.