Eý, mekdebim, jana-jan!

24 Maý 2021
1817

Şadyýan çaga aýdymynyň bu ajaýyp setirlerine biziň her birimiz öz döwrümizde hiňlenendiris. Ak mekdebiň tämiz bosagasyndan çaga uly ynam, höwes bilen ätleýär. Wagta salym ýok diýleni. Bilimleriň ýagty dünýäsine täsin syýahata eýlenen mekdep ýyllary edil ýaz öýlänçisi ýaly salym alman geçip gidýär.

Güllere baý 25-nji maý. Bu günüň ýüreklerde döredýän ýakymyny diýsene! Biziň her birimizi süýji ýatlamalara dolaýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde şatlykly, tolgundyryjy waka — «Soňky jaň» dabarasy geçirilýär. Bu ýyl «Soňky jaň» dabarasy ýene bir ajaýyp senä — ak paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýuna gabat geldi. Çaga bagtyýarlygynyň gaýnap joşýan ojagy bolan ak mekdepler ak şäherimiziň ajap zynaty bolup, göreniň nazaryny özünde egleýär.

Taýýarlan Aknur ATAÝEWA,
«Nesil».