Paýtagtymyzyň ilkinji bilim ojaklarynyň biri hem: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetidir

24 Maý 2021
1139

Aşgabat — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ählitaraplaýyn ösüşleriniň aýnasy, Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ussatlygynyň gaýtalanmajak nusgasy. Onuň goýnunda görküne görk goşup oturan kaşaň binalaryň her biri baş şäherimiziň juwanlykdan, bagtyýarlykdan hem taryhdan söz açýan soňlanmajak aýdymyna öz «sesini» goşýar. Şeýle binalaryň biri-de nesilleriň onlarça tapgyryny ylymdan, hünärden paýly eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetidir.

1981-nji ýylda TSSR-iň Merkezi döwlet arhiwi tarapyndan çap edilen «Хроника истории Ашхабада» atly kitapda ýerleşdirilen maglumatlaryň arasynda 1931-nji ýylda Döwlet pedagogika institutynyň esaslandyrylandygy hakynda habar berilýär. Şol ýyllarda bu bilim ojagynda diňe üç — agro-pedagogiki, guramaçylyk-usulyýet, dil we edebiýat bölümleri hereket edip, institutda 5 dosent we 7 assistent zähmet çekipdir. 1936-njy ýylda bu instituta A.M.Gorkiniň ady dakyldy.

Aýsenem GURBANOWA,
«Watan».