Mekdeplerde ýaňlanýar «Soňky jaňyň» owazy

24 Maý 2021
1680

Jaň owazy — okuw mekdeplerini tamamlaýan bagtyýar ýaşlary durmuşa atarýan ak ýoluň buşlukçysy. Onuň ýakymly owazy ynsan kalbynda ýer eden iň süýji ýatlamalary oýarýar. Mekdep ýyllary — her bir ynsan bilen bagly bolan durmuşyň ajaýyp, söz bilen beýan edip bolmajak täsin duýgulara beslenen pursatlary. «Soňky jaňyň» tolgundyryjy sesini eşiden mahalyň täsin duýgulary başdan geçirýärsiň. Bilim-terbiýe beren mekdebiň, zähmetini, yhlasyny gaýgyrmadyk eziz mugallymlaryň, dogan ýaly bolup, bile okan synpdaşlaryň birin-birin göz öňünde janlanýar. Hyýalyňda «Eý, mekdebim, jana-jan, saňa bolan söýgim kän» diýip, ilkinji öwrenen aýdymyňa hiňlenip, ýene-de okuwçy bolup, ak mekdebiň goýnuna dolanyňy duýman galýarsyň.

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gün-günden gülläp, gül açýan ata Watanymyzda ýene bir okuw ýyly tamamlanýar. Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelen bu ýylky «Soňky jaň» dabarasy uly ruhubelentlikde bellenilýär. Bu gün göwünleri ganatly, ylmyň gyzykly dünýäsine, täze giňişliklerine atygsaýan kalby buýsançdan doly uçurymlar uzak ýollara uzaýan durmuşa gadam basýarlar. Olaryň öňlerinde anyk maksatlar dur — Gahryman Prezidentimize, ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ökde hünärli, ile-güne gerekli adamlar bolup ýetişmeli. Şol maksatlary amala aşyrmak üçin bolsa, ähli mümkinçilikler döredilen. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilimler dünýäsine çuňňur aralaşyp, ylymlaryň esaslaryny ele almaklary, döwrebap tehnologiýalardan ezberlik bilen baş alyp çykýan ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».