Netijeli işler alnyp barylýar

25 Maý 2021
1471

Orta mekdeplerde 2020 – 2021-nji okuw ýyly tamamlanýar. Muny üstünlikli jemlemek bolsa her bir bilim işgäriniň we mekdep mugallymlarynyň esasy maksady bolup durýar. Tejen şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiň agzybir işgärleri ýyl boýunça çeken yhlaslarynyň zähmetine buýsanýarlar. 2011-nji ýylda işläp başlan bu mekdep, bir müň okuwça niýetlenendir. Bu ýerde mugallymlaryň 74-si okuwçylara bilim we terbiýe berýär. Şu okuw ýylynda 286-y okuwçy 1-nji synpy tamamlady. Olar hormatly Prezidentimiziň sowgat beren şahsy kompýuterleri bilen hem üpjün edildi.

Şu ýyl mekdebiň okuwçylary halkara internet we ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. «Erudit» internet bäsleşiginde mekdebiň üç sany okuwçysy halkara derejede ýeňiji bolmagy başardylar. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda 27 okuwçy üstünlik gazandy. Onuň döwlet tapgyryna gatnaşan okuwçylar bolsa baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

«Mugallymlar gazeti».