Öňňin ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň tamamlanýandygyny buşlaýan «Soňky jaň» kakyldy. «Soňky jaň» dabarasynyň ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary derejede bellenilişi ýaly, TGM-niň Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem bu dabara uludan toýlanyldy. Welaýat kitaphanasynyň öňünde uly şatlyk-şowhun bilen guralan bu çäre, harby mekdebi tamamlaýan her bir harby okuwçy üçin diýseň tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Çäräniň dowamynda uçurymlara gowşurylan sowgatlar, ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, okalan goşgular uçurymlaryň begençlerini has-da artdyrdy. Iň tolgundyryjy pursat bolsa, soňky jaňyň kakylyş pursady boldy. Çünki soňky jaňyň şowhunly sesi mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň ak mekdepleri bilen hoşlaşýandyklaryny habar berýärdi. «Soňky jaň» dabarasynyň barşynda myhmanlar özleriniň gutlag sözleri bilen çykyş edip, uçurymlara ak ýol arzuw etdiler.
Harby mekdebi tamamlaýan harby okuwçylaryň geljekde Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly ýaş watançylar bolup ýetişjekdiklerine berk ynanýarys! Ýoluňyz ak bolsun, harby uçurymlar!