Şu gün Diýarymyzyň mekdeplerinde «Soňky jaň» kakylýar

24 Maý 2021
1026

Durmuş ýoluna badalga

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, Watanymyzyň ertiri bolan ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda döwlet derejesinde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli etraplarynda, obalarynda çagalar baglarydyr orta mekdeplerde ýaş nesliň durnukly bilim we döwrebap terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Sanly bilim ulgamyny döretmekde, daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek boýunça konsepsiýalary durmuşa geçirmekde oňat netijeler gazanylýar. Ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynyň talyplary, orta mekdepleriň okuwçylary halkara derejesinde geçirilýän ylmy we ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolup, Watanymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrýarlar.