«Soňky jaň» dabarasy ruhubelentlige beslendi

25 Maý 2021
1262

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda şeýle bellenilýär: «Sizi 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy we bilimler dünýäsinde täze belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamzadyň döreden iň gymmatly mirasy terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym we bilimdir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny şanly wakalar bilen şöhratlandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanan çäreleriň bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratyny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar ýaşlarymyzda ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynanýaryn».

Ähli zatlaryň ilkinjisi we jemleýjisi ýatda galyjy bolýar. Ýaşyň kiçidirem welin, elli ýaşyňda bolsaňam, ilkinji gezek çagalar bagyna, mekdebe baran günüňi hiç unudyp bilmersiň!

Taýýarlan Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti».