«Men seň ömürbaky esgeriň, Watan!»

26 Maý 2021
1058

Geçen ýyl tomusky dynç alşyna çykyp, öýe baran günüm aýal doganym maşgalasy bilen bize myhmançylyga gelen eken. Ukusy gelse-de, gözüni tegeläp, daýysynyň gelerine garaşyp oturan ýegenjigim meniň bilen gadyrly salamlaşanyndan soň, doganym ony ejemiňkä çalym edýän mylaýym owazy bilen hüwdülemäge başlady:

Agaç agaja bakar,
Arasyndan suw akar.
Oglum harby bolar,
                                Ilim
Döşüne orden dakar.

Gaýrat BAZAROW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz mekdebiniň uçurymy.