Kämilligiň binýady

25 Maý 2021
1012

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her bir işde «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä eýerýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde alyp barýan ägirt uly işlerine, gazanylýan üstünliklere guwanýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan meýilnamalaýyn işlerde bilim maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygyna, bilimi ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Bu maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda eýýäm gysga wagtyň içinde köp işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem halk hojalygynyň we önümçiligiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. «Güýçli döwletde ylym ilkinji orny eýeleýär» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde düýpli, tutumly işleri alyp barmaga badalga berdi.

Döwletgeldi GURBANOW,
Kaka etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň müdiri.