"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

«Bagtyýar nesillerde» bagtly pursatlar

Ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim, terbiýe almagy ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taýsyz tagallalar edýär. Çagalaryň ýokary bilimli, zehinli, döredijilikli kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi bolsa olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda çagalaryň okuwdan daşary gowy dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly, gyzykly geçirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwrebap çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Indi birnäçe ýyl bäri çagalar bu ýerlerde tomusky dynç alyş möwsüminde saglyklaryny berkidýärler, wagtlaryny şatlykly geçirýärler. Şeýle ýerleriň biri hem Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezidir. Tebigatyň iň bir owadan ýerleriniň biri bolan Gökdere jülgesi jana şypaly howasy, ünsüňi özüne çekýän belent gaýaly daglary, ýaşyl öwsüp oturan baglary we olaryň arasyndan owaz edip akýan çeşme-çaýlary bilen çagalaryň ruhuny has-da belende göterýär. Olaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazly çykyşlary bilen bu mekan has-da gözel keşbe eýe bolýar. Çagalar şeýle ajaýyp künjekde diňe bir dynç alman, eýsem, olar birek-birek bilen dostlaşýarlar.

Yhlasly zähmetiň netijeleri

Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň ýokary bilimli, asylly terbiýeli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin edilýän aladalar ýylyň-ýylyna gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap bilim binalarynyň sanynyň barha artmagy bilen has-da aýdyň ýüze çykýar. Häzirki wagtda etrabymyzda ýerleşýän orta mekdepleriň 51-sinde hem täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri uly depgin bilen alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda etrapda özüniň guwandyryjy netijeleri bilen aýratyn tapawutlanýan mekdepleriň biri bolan 30-njy orta mekdepde hem taýýarlyk işleri ýokary guramaçylykly alnyp barylýar.

Ýaş zehinleriň üstünligi

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, zehinli ýaşlarymyz halkara derejede geçirilýän olimpiadalara, ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şu ýylyň 29-njy iýuny — 5-nji iýuly aralygynda Moldowa Respublikasynyň Bilim, medeniýet we ylmy-barlag ministrligi hem-de Okuw meýilnamalaşdyrylyş we bahalandyryş milli agentligi tarapyndan uzak aralykdan (onlaýn görnüşde) 25-nji Ýaşlaryň Balkan matematika olimpiadasyna (JBMO — 2021) 21 döwletiň mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlaryň 22-si gatnaşdy. Şonda Türkmenistan, Azerbaýjan, Albaniýa, Gresiýa, Kipr, Bosniýa we Gersegowina, Indoneziýa, Täjigistan, Gazagystan, Filippinler, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Demirgazyk Makedoniýa we Türkiýe ýaly döwletleriň zehinli okuwçylarynyň 128-si bäsleşdiler. Bu halkara bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherindäki mekdepleriň okuwçylarynyň 6-sy gatnaşyp, milli toparda çykyş etdi. Olardan Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 8-nji synp okuwçysy Selim Halykow kümüş medala mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Rahym Agamyradow bilen Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy S

Bilim — bagta badalga

Mähriban halkymyzda «Älem Gün bilen ýagtylýar, adamzat bilim bilen nurlanýar» diýlen dana jümle bar. Şeýle parasatly jümläni döreden millet, elbetde, bilimiň gadyr-gymmatyna ýokary baha berýär. Danalaryň ýene-de biri: «Bilim maksat däl-de, guraldyr» diýip belleýär. Hakykatdan-da bilim — ynsanlaryň bagtyýar durmuşynyň açary. Şu jähetden, hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny, şol sanda akademiki, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini düýpli özgertmek boýunça bitirilen beýik işler ähli halkymyzy guwandyrdy. Ilki bilen bellemeli zat, bu syýasat milli Liderimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak ugrundaky aladalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Güýçli ykdysadyýete eýe bolmak üçin ýokary bilimli işçi güýjüniň ilkinji nobatdaky zerurlykdygy hemmämize mälimdir. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky parasatly syýasaty hem halkymyzyň aň-bilim mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge gönükdirilendir. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ilkinji nobatda, ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüň aladasydyr. Nesillerimiziň ykbalynyň biziň tagallalarymyza baglydygyna, Watanymyzyň geljeginiň bolsa şu günüň nesilleriniň elindedigine düşünip, baş ugruň kesgitlenilmegidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geljekki nesil hakyndaky alada — munuň özi ertirki güne iň bir ynamly, akylly-başly we asylly maýa goýumydyr. Şonuň üçin-de kämil pikirli, sagd

Talyplar tejribe toplaýarlar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar hasap-synag möwsümini üstünlikli tamamlap, okuw-tejribelik sapaklarynda alan nazary bilimlerini berkidýärler. Institutymyzda tejribelik okuwlary welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän ylmy-önümçilik synag hojalyklarynda, institutyň okuw-tejribe meýdançalarynda geçirilýär. Tejribelik okuwlarynda institutyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, agronomçylyk fakultetlerinde bilim alýan Merjen Baýramowa, Ismail Halmuhammedow, Aýjemal Orazowa, Gülnäz Ýaňybaýewa ýaly birinji, ikinji, üçünji ýyl talyplary meýilnama esasynda gündelik edilmeli işleri doly berjaý edip, ýoldaşlaryna görelde bolmagy başarýarlar. Tejribelik okuwlaryna Begenç Meretklyçow, Ýaňyljan Palýazowa, Aýbibi Kutlyýewa, Şatlyk Pygamow ýaly mugallymlar ýolbaşçylyk edýärler. Institutymyzyň talyp ýaşlary hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-paýhasly baştutanlygynda bilim ulgamyny özgertmek bilen bagly alyp barýan adyl syýasatyny dogry berjaý etmek maksadyna eýerip, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi ylmy esasda alyp barmak bilen, ekin meýdanlarynyň toprak, howa şertlerine görä tohumy saýlap almak, olaryň hasyllylygyny gowulandyrmak, ekilen ekinlere dürli usullarda suw bermek, ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreş çärelerini guramak, oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak, abatlamak ýaly mes

Me­de­ni ta­ry­hymyza degişli gysgajyk ylmy maglumatar

Manyly ömrüni oba mekdebinde fizika we matematika mugallymçylygyna bagyşlan Atajan Annaberdiýew (1946-2006) özüniň ajaýyp goşgulary bilen şygryýet äleminde-de belent derejelere ýetdi. «Goşgudan galan gyýkyndylar» diýen at bilen okyjylara hödürlän setirleri özboluşly şahyryň mydama täzeligiň gözleginde bolandygyndan habar berýärdi. Diňe şygryýetde däl, eýsem, ylymda-da monografiýalardan, ylmy makalalardyr nutuklardan galan «gyýkyndylar» bolýar. Olar möçberi taýyndan kiçi-de bolsa, adatça, özünde uly manylary jemleýär. Edil takyk ylymlarda nanotehnologiýa daýanylyp ýasalan owunjak enjamlaryň uly ähmiýete eýe bolşy ýaly. Şahsy arhiwimde saklanylýan köp sanly «gyýkyndylaryň» birnäçesini iki topara bölüp, hormatly okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildim. Birinji topardakylar beýik akyldar şahyrymyz Magtymgula we onuň esaslandyran edebi mekdebiniň käbir wekillerine degişli bolsa, ikinji topardakylar mähriban halkymyzyň taryhy, ozalynda hem, medeni taryhy bilen baglanyşyklydyr.

13-lük san barada düşünje

Bu sany Günorta we Merkezi Amerikada gadymy halklar keramatly san hasaplapdyrlar. Olar 13-lük sanynyň bagt getirýänligine ynanypdyrlar. Muňa garamazdan, bu sany bagtly san hasaplamaýan halklar köp. Mysal üçin, gadymy jöhitlerde her bir sana degişli harp bellenipdir. 13-lük san bolsa, “le” harpyna degişli bolupdyr. Dini ynançlara görä, bu san ölüm, wepat bolmak bilen baglanyşdyrylypdyr. Bu ynanjyň aňyrsynda bolsa gadymy rowaýat ýatyr. Bu rowaýata görä, 13-nji ruhany Iuda dönük bolupdyr we Isanyň jezalandyrylmagyna sebäp bolupdyr. Şoňa görä-de, hristiýan dinine uýýanlar 13-nji adamy stoluň başynda oturtmaýarlar. Ýewropanyň köp ýurtlarynda bu sana ýigrenç döräpdir. Oňa her hili atlar berlipdir (Şeýtanyň sany, bagtsyz san, erbetlik getirýän san we ş. m.). 13-lük san barada mistiki düşünjeleriň giň ýaýran ýurdunyň biri Angliýadyr. Bu döwletiň köp myhmanhanalarynda, otludyr gämilerinde 13-lük belgili ýerde hiç kimiň oturasy, ýaşasy gelenok, hatda 1930-njy ýylda bagtsyz hasaplanýan 13 belgili jaýlardan bu sanyň aýrylmagyny talap edip, Londonyň ýaşaýjylary şäher häkimiýetine ýüz tutupdyrlar.

Okuw ýylyna taýýarlyk

Ak bugdaý etrabynda umumybilim berýän orta mekdepleriň 44-si hereket edip, şu günler olarda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde orta mekdeplerde ýeňil abatlaýyş we bejeriş işleri geçirilýär. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyşda bolýan häzirki günlerinde bu işleri talabalaýyk alyp barmakda mynasyp tagallalar edilýär. Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde möhüm ähmiýete eýe bolan abatlaýyş işlerinde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline aýratyn üns berilýär. Ýeňil abatlaýyş işleri timarlaýyş işleri bilen utgaşykly ýerine ýetirilýär. Mekdep mugallymlary synp otaglarynyň göwnejaý enjamlaşdyrylyşyny we döwrebap görkezme esbaplary bilen üpjünçiligini hem üns merkezinde saklaýarlar. Munuň özi täze, 2021 — 2022-nji okuw ýylyna täze güýç bilen gadam basmaga mümkinçilik berer.

Bi­lim iş­gär­le­ri­niň 2021 — 2022-nji okuw ýy­ly­nyň Aw­gust usu­ly-ama­ly okuw­la­ry­ny we mas­la­hat­la­ry­ny ge­çir­mek bo­ýun­ça usu­ly mas­la­hat­lar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek hasaplanýar. Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ony dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge aýratyn uly ähmiýet berýär. Munuň özi bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegi we ösdürmegi talap edýär. Döwlet Baştutanymyz bu barada şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden taryhy we maksatnamalaýyn çykyşynda: «Bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek we onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Bilim hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça-da zerur işleri alyp barmaly» diýip, deputatlaryň öňünde möhüm wezipeleri goýdy.

Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar

I. ORTA MEKDEPLERIŇ MÜDIRLERI ÜÇIN 1. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda tassyklan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary düşündirmekde mekdep ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler.

Juwan kalbyň joşguny

Öň hem habar berşimiz ýaly, Saýat etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Selbi Babalyýewa «Iň eýjejik gyzjagaz ― 2020» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolupdy. Oňa «Arkadagymyz» ady bilen ýerine ýetiren aýdymy üstünlik getirdi. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem aýdym-sazyň ýaşajyk muşdagy üçin ýatdan çykmajak şatlykly habar bilen başlandy. Özi ýaly deň-duşlarynyň birnäçesi bilen bilelikde oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy. Selbi körpeliginden toý-baýramlarda aýdylýan aýdymlary söýüp diňlärdi. Hepdäniň şenbe güni «Türkmen owazy» teleleýaýlymynda goýberilýän «Saýrak bilbiller» gepleşigini görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşardy. Şol başladygy telewizoryň öňünden aýrylmazdy. Eline mikrofon hökmünde bir zatlar alardy-da, körpeleriň aýdýan aýdymlaryny, saza goşup edýän hereketlerini gaýtalamaga çalşardy. Olaryň öýünde aýdym-sazyň sesi uzakly gün diýen ýaly ýaňlanardy…

Röwşen ýoluň şuglasy

Üçünji müňýyllygyň başlangyjynda her bir döwletiň kuwwatly ösüşiniň ylmyň we bilimiň ösüş derejesi, täze öňdebaryjy tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy we netijeli peýdalanylmagy bilen kesgitlenýändigi hemmämize mälimdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ylymlaryň we bilimleriň röwşen ýoly bilen okgunly öňe barýar. Berkarar Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak düýpli özgertmeleriň esasy özenini düzýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, mertebesi hem-de beýik geljegidir». Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrüň talaplaryna laýyk derejede ýaşlara ylym-bilim öwretmek, ussat hünärmenler edip ýetişdirmek babatdaky mümkinçilikleri has-da ýokarlandy. Hormatly Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzyň ähli bilim edaralary dünýäniň iň täze tehniki enjamlary bilen abzallaşdyryldy. Bu bolsa biziň — ýaşlaryň başarnyklaryny has-da ýokarlandyrýar. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary bularyň bary islendik ugur, hünär boýunça doly maglumat almaga mümkinçilik berýär. Ygtybarly aragatnaşyk ulgamyny döretmezden, häzirki zaman ýaşaýyş-durmuşy, ösen ykdysadyýeti hem-de jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýu

Ylym-bilim bagtyň binýady

Şu günler mähriban halkymyz hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda baş baýramçylygymyzy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak üçin uludan taýýarlyk görýär. Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilen günlerinde ykdysadyýetiň, medeniýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýän möhüm ähmiýetli desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen uly toýuň dabarasy äleme ýaň saldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler, ýetilen belent sepgitler, bitirilýän beýik işler halkymyzyň durmuşyny şan-şöhrata besleýär.

Şadyýan tomus —2021

Möhüm wezipeler kesgitlenildi Çaga — her bir ynsanyň bagtyýar durmuşynyň başlangyjy we ertirki gününe ýagşy umydy. Ata Watanymyzda çagalaryň sagdyn we sazlaşykly ösüşine, wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmeklerine ähli şertler döredilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzyň çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda irginsiz tagallalar edilýär. Golaýda çagalar bagymyzda “Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus möwsüminde gyzyklanma we göwnaçma çärelerini, gezelençleri guramagyň öňdebaryjy iş usullary» atly amaly-maslahat geçirildi. Oňa etrabyň ähli çagalar baglarynyň terbiýeçileri, körpeler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary işjeň gatnaşdylar.

Nesil terbiýesi — wajyp wezipe

Bagtyýar geljegimiziň ýoly Gahryman Prezidentimiz ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe berilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Bagtyýarlyk zamanamyzda bu babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirildi. Ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyryldy. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleri düýpli gowulandy. Bularyň özi bilim işgärlerine bildirilýän talabam ýokarlandyrdy.

Hünär terbiýesi

Bilim we hünär kämilligi jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Eziz Watanymyzda her bir şahsyýeti kämil bilimli, watançylyk, päk ahlaklylyk ruhunda sazlaşykly ösdürmäge uly üns berilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda orta mekdebi tamamlan uçurymlaryň öňünde giň mümkinçilikler açylýar. Bu gün mekdep uçurymlarynyň öňünde hünär saýlap almak, bilimlerini kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň ösüş depginleri, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagy döwrebap innowasion tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanmagyny talap edýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň ähli pudaklaryny we sebitlerini sanly ykdysadyýete geçirmek wezipeleri bellenildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Häzirki günlerde orta mekdebi tamamlan ýaşlar özbaşdak durmuş ýoluna gadam basýarlar, olaryň köpüsi bilim ojaklarynda täze okuw ýylynda «talyp» diýen ada mynasyp bolmak üçin giriş synaglaryna taýýarlanýarlar. Her bir işde erjellik, tutanýerlilik, çydamlylyk ýaly erk sypatlarynyň bolmagy işiň üstünlikli bolmagyny üpjün edýär. Halkymyzda ýaş nesle tutanýerli bolmagy, başlan işiňi ahyryna ýetirmän taşlamazlygy öwretmek edep mekdebiniň bir ugry bolup galypdyr. «Bu günki işiňi ertä goýma», «Galan işe

Bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany

Nesil hakynda alada etmek türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgesidir. Bu hakynda Gahryman Arkadagymyz: «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy döwletimiziň uly baýlygydyr hem-de jemgyýetimiziň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Ýaş nesliň zehinli, başarjaň, ahlak we beden taýdan sagdyn bolmagy, bagtyýar durmuşda erkana ýaşamagy biziň esasy maksadymyzdyr» diýip belleýär. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, dynç alşyň arzyly mekanyna öwrüldi. Tebigy täsinliklere beslenip oturan bu mekanda gurlan döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezinde bagtyýar çagalar wagtyny şadyýan geçirýärler. Ýaş nesillerimiz «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alyp, şol ýerde saglyklaryny berkidýär. Çagalaryň arasynda dürli sport ýaryşlary geçirilýär. Ol ýerde «Biz — sagdyn nesiller» ady bilen hereketli oýunlar boýunça guralýan ýaryş, şeýle-de birnäçe sport çäreleri geçirilýär.

Işler göwnejaý alnyp barylýar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýaş nesliň arassa, hemmetaraplaýyn üpjün edilen döwrebap mekdeplerde bilim almagy üçin edilýän aladalaryň ählisiniň başynda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bardyr. Nurana ertirlerimiziň eýeleri, Watanymyzyň kuwwatly ösüşini üpjün etjek kämil ýaşlary ýetişdirmek bolsa bilim edaralarynda zähmet çekýän mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Biz hem mekdebimizde geçen okuw ýylyny üstünlikli tamamlap, täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerini guramaçylykly alyp barýarys. Mekdebimizde geçen 2020 — 2021-nji okuw ýylynda okuwçylaryň 515-si bilim aldy. Olardan 37 okuwçy mekdebi üstünlikli tamamlady. Mugallymlaryň 33-siniň yhlasly, döredijilikli zähmeti netijesinde bolsa mekdebimiz «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginde etrapda 13, şäherde 2, döwletde 2 orna mynasyp bolmagy başardylar. Şeýle-de mekdebiň zehinli okuwçylary taslama bäsleşiginde etrapda 3, halkara internet bäsleşiginde bolsa 1 orna eýe boldular.

Kitap — gymmatly hazyna

Owalda-ahyrda kitap barada söhbet edilse, gözüni dikip oturan ýeke düýesini kitaba çalşan Welmyrat aga ýadyma düşýär. Kitaby mukaddes saýyp, onuň içindäki dana paýhasa göwni gurbatlanan ýaşulynyň humly hazynany goluna salyp, ökjesi ýeňläp barşy göz öňüme gelýär. Ýaşuly ol kitaba goja dünýäň manysyna düşünmegiň açary diýip bilýär. Onda okuwa, okamaga, bilmäge höwes bardy. Hawa, okuwa teşnelik bize ata-babalarymyzdan miras galan bahasyz gymmatlykdyr. Kitap bilen höwrügmek, okamak, bilmek ozalky näbellilikleri aýan edýän, gözýetimleri giňeldýän, mümkinçilikleri artdyrýan, jemgyýeti öňe iterýän güýç bolup durýar. Ylymly-bilimli bolup, sowatlylyk bilen edilen işiň netijesi hemişe-de oňat, şowly bolýar. Sowatly, okumyş adam batyrgaý, bilesigeliji, işine ezber bolýar. Döredijilikli gözlegler hem öňegidişlik hemişe sowatly adamlaryň hemrasy bolýar. Önjeýli zähmet hem ösüş ýoly hemişe bilegi güýçliniň däl-de, bilimi güýçliniň ýeňiji bolýandygyny subut edip gelýär. Kitap dünýäni tanamak üçin iň gowy serişdeleriň biri hasaplanýar. Her ýaşdaky okyjy üçin niýetlenen kitaplar söz baýlygyňy, dünýägaraýşyňy giňeltmäge, täze zatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Sanly ätiýaçlandyryş — döwrüň talaby

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwrebap tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy ätiýaçlandyryş guramasynyň işini kämilleşdirmäge, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere menzilara ätiýaçlandyryşyň görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik döredýär. Häzirki döwürde dünýä ýurtlarynyň arasyndaky bäsleşik sanly tehnologiýalaryň paýyna düşýär. Dünýäniň öňdebaryjy ätiýaçlandyryş guramalary özleriniň işewürlik nusgalaryny täzeçe guraýarlar. Täze sanly tehnologiýalar peýda bolýar. Olara emeli aň, wirtual okuwlar, robot tehnologiýasy, uly göwrümli maglumatlar, galtaşyksyz tölegler, elektron täjirçilik we beýlekiler degişlidir. Sanly ykdysadyýetiň biziň durmuşymyzda giňişleýin peýdalanylyp başlanylmagy diňe bir maglumat-kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, adam aňynyň ösmegine hem oňyn täsir edýär.