Işler göwnejaý alnyp barylýar

4 Iýul 2021
1037

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýaş nesliň arassa, hemmetaraplaýyn üpjün edilen döwrebap mekdeplerde bilim almagy üçin edilýän aladalaryň ählisiniň başynda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bardyr. Nurana ertirlerimiziň eýeleri, Watanymyzyň kuwwatly ösüşini üpjün etjek kämil ýaşlary ýetişdirmek bolsa bilim edaralarynda zähmet çekýän mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Biz hem mekdebimizde geçen okuw ýylyny üstünlikli tamamlap, täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerini guramaçylykly alyp barýarys.

Mekdebimizde geçen 2020 — 2021-nji okuw ýylynda okuwçylaryň 515-si bilim aldy. Olardan 37 okuwçy mekdebi üstünlikli tamamlady. Mugallymlaryň 33-siniň yhlasly, döredijilikli zähmeti netijesinde bolsa mekdebimiz «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginde etrapda 13, şäherde 2, döwletde 2 orna mynasyp bolmagy başardylar. Şeýle-de mekdebiň zehinli okuwçylary taslama bäsleşiginde etrapda 3, halkara internet bäsleşiginde bolsa 1 orna eýe boldular.

Gülüstan Mämmedowa,
Aşgabat şäherindäki 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetirijisi.