Sanly ätiýaçlandyryş — döwrüň talaby

2 Iýul 2021
986

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwrebap tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy ätiýaçlandyryş guramasynyň işini kämilleşdirmäge, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere menzilara ätiýaçlandyryşyň görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik döredýär.

Häzirki döwürde dünýä ýurtlarynyň arasyndaky bäsleşik sanly tehnologiýalaryň paýyna düşýär. Dünýäniň öňdebaryjy ätiýaçlandyryş guramalary özleriniň işewürlik nusgalaryny täzeçe guraýarlar. Täze sanly tehnologiýalar peýda bolýar. Olara emeli aň, wirtual okuwlar, robot tehnologiýasy, uly göwrümli maglumatlar, galtaşyksyz tölegler, elektron täjirçilik we beýlekiler degişlidir. Sanly ykdysadyýetiň biziň durmuşymyzda giňişleýin peýdalanylyp başlanylmagy diňe bir maglumat-kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, adam aňynyň ösmegine hem oňyn täsir edýär.

Enejan EREŞOWA,
welaýat ätiýaçlandyryş guramasynyň baş hünärmeni.