Röwşen ýoluň şuglasy

5 Iýul 2021
846

Üçünji müňýyllygyň başlangyjynda her bir döwletiň kuwwatly ösüşiniň ylmyň we bilimiň ösüş derejesi, täze öňdebaryjy tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy we netijeli peýdalanylmagy bilen kesgitlenýändigi hemmämize mälimdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ylymlaryň we bilimleriň röwşen ýoly bilen okgunly öňe barýar. Berkarar Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak düýpli özgertmeleriň esasy özenini düzýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, mertebesi hem-de beýik geljegidir». Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrüň talaplaryna laýyk derejede ýaşlara ylym-bilim öwretmek, ussat hünärmenler edip ýetişdirmek babatdaky mümkinçilikleri has-da ýokarlandy. Hormatly Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzyň ähli bilim edaralary dünýäniň iň täze tehniki enjamlary bilen abzallaşdyryldy. Bu bolsa biziň — ýaşlaryň başarnyklaryny has-da ýokarlandyrýar.

Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary bularyň bary islendik ugur, hünär boýunça doly maglumat almaga mümkinçilik berýär. Ygtybarly aragatnaşyk ulgamyny döretmezden, häzirki zaman ýaşaýyş-durmuşy, ösen ykdysadyýeti hem-de jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýurdumyzda her ýyl ençeme döwrebap çagalar baglary, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar gurulýar we kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Bu bitirilýän beýik işleriň ähmiýeti döwletiň, jemgyýetiň, halkyň ösüşinde, her bir türkmenistanlynyň syýasy, ykdysady, durmuş we ruhy taýdan sagdyn düşünjä eýe bolmagyna şert döredýär.

Aýgül ATDYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.