Bi­lim iş­gär­le­ri­niň 2021 — 2022-nji okuw ýy­ly­nyň Aw­gust usu­ly-ama­ly okuw­la­ry­ny we mas­la­hat­la­ry­ny ge­çir­mek bo­ýun­ça usu­ly mas­la­hat­lar

6 Iýul 2021
1719

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek hasaplanýar.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ony dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge aýratyn uly ähmiýet berýär. Munuň özi bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegi we ösdürmegi talap edýär. Döwlet Baştutanymyz bu barada şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden taryhy we maksatnamalaýyn çykyşynda: «Bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek we onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Bilim hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça-da zerur işleri alyp barmaly» diýip, deputatlaryň öňünde möhüm wezipeleri goýdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi. Türkmenistanyň Milli bilim instituty.