13-lük san barada düşünje

7 Iýul 2021
939

Bu sany Günorta we Merkezi Amerikada gadymy halklar keramatly san hasaplapdyrlar. Olar 13-lük sanynyň bagt getirýänligine ynanypdyrlar. Muňa garamazdan, bu sany bagtly san hasaplamaýan halklar köp. Mysal üçin, gadymy jöhitlerde her bir sana degişli harp bellenipdir. 13-lük san bolsa, “le” harpyna degişli bolupdyr. Dini ynançlara görä, bu san ölüm, wepat bolmak bilen baglanyşdyrylypdyr. Bu ynanjyň aňyrsynda bolsa gadymy rowaýat ýatyr. Bu rowaýata görä, 13-nji ruhany Iuda dönük bolupdyr we Isanyň jezalandyrylmagyna sebäp bolupdyr. Şoňa görä-de, hristiýan dinine uýýanlar 13-nji adamy stoluň başynda oturtmaýarlar. Ýewropanyň köp ýurtlarynda bu sana ýigrenç döräpdir. Oňa her hili atlar berlipdir (Şeýtanyň sany, bagtsyz san, erbetlik getirýän san we ş. m.).

13-lük san barada mistiki düşünjeleriň giň ýaýran ýurdunyň biri Angliýadyr. Bu döwletiň köp myhmanhanalarynda, otludyr gämilerinde 13-lük belgili ýerde hiç kimiň oturasy, ýaşasy gelenok, hatda 1930-njy ýylda bagtsyz hasaplanýan 13 belgili jaýlardan bu sanyň aýrylmagyny talap edip, Londonyň ýaşaýjylary şäher häkimiýetine ýüz tutupdyrlar.