Okuw ýylyna taýýarlyk

6 Iýul 2021
977

Ak bugdaý etrabynda umumybilim berýän orta mekdepleriň 44-si hereket edip, şu günler olarda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde orta mekdeplerde ýeňil abatlaýyş we bejeriş işleri geçirilýär. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyşda bolýan häzirki günlerinde bu işleri talabalaýyk alyp barmakda mynasyp tagallalar edilýär.

Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde möhüm ähmiýete eýe bolan abatlaýyş işlerinde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline aýratyn üns berilýär. Ýeňil abatlaýyş işleri timarlaýyş işleri bilen utgaşykly ýerine ýetirilýär. Mekdep mugallymlary synp otaglarynyň göwnejaý enjamlaşdyrylyşyny we döwrebap görkezme esbaplary bilen üpjünçiligini hem üns merkezinde saklaýarlar. Munuň özi täze, 2021 — 2022-nji okuw ýylyna täze güýç bilen gadam basmaga mümkinçilik berer.

Maýsa MYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.