Ylym-bilim bagtyň binýady

5 Iýul 2021
955

Şu günler mähriban halkymyz hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda baş baýramçylygymyzy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak üçin uludan taýýarlyk görýär. Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilen günlerinde ykdysadyýetiň, medeniýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýän möhüm ähmiýetli desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen uly toýuň dabarasy äleme ýaň saldy.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler, ýetilen belent sepgitler, bitirilýän beýik işler halkymyzyň durmuşyny şan-şöhrata besleýär.

Sapargeldi DAŇATAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary.