Şadyýan tomus —2021

5 Iýul 2021
923

Möhüm wezipeler kesgitlenildi

Çaga — her bir ynsanyň bagtyýar durmuşynyň başlangyjy we ertirki gününe ýagşy umydy. Ata Watanymyzda çagalaryň sagdyn we sazlaşykly ösüşine, wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmeklerine ähli şertler döredilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzyň çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda irginsiz tagallalar edilýär. Golaýda çagalar bagymyzda “Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus möwsüminde gyzyklanma we göwnaçma çärelerini, gezelençleri guramagyň öňdebaryjy iş usullary» atly amaly-maslahat geçirildi. Oňa etrabyň ähli çagalar baglarynyň terbiýeçileri, körpeler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary işjeň gatnaşdylar.