Juwan kalbyň joşguny

5 Iýul 2021
927

Öň hem habar berşimiz ýaly, Saýat etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Selbi Babalyýewa «Iň eýjejik gyzjagaz ― 2020» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolupdy. Oňa «Arkadagymyz» ady bilen ýerine ýetiren aýdymy üstünlik getirdi. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem aýdym-sazyň ýaşajyk muşdagy üçin ýatdan çykmajak şatlykly habar bilen başlandy. Özi ýaly deň-duşlarynyň birnäçesi bilen bilelikde oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy.

Selbi körpeliginden toý-baýramlarda aýdylýan aýdymlary söýüp diňlärdi. Hepdäniň şenbe güni «Türkmen owazy» teleleýaýlymynda goýberilýän «Saýrak bilbiller» gepleşigini görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşardy. Şol başladygy telewizoryň öňünden aýrylmazdy. Eline mikrofon hökmünde bir zatlar alardy-da, körpeleriň aýdýan aýdymlaryny, saza goşup edýän hereketlerini gaýtalamaga çalşardy. Olaryň öýünde aýdym-sazyň sesi uzakly gün diýen ýaly ýaňlanardy…

Bahar JUMANAZAROWA,
ýörite habarçymyz.