Me­de­ni ta­ry­hymyza degişli gysgajyk ylmy maglumatar

7 Iýul 2021
1010

Manyly ömrüni oba mekdebinde fizika we matematika mugallymçylygyna bagyşlan Atajan Annaberdiýew (1946-2006) özüniň ajaýyp goşgulary bilen şygryýet äleminde-de belent derejelere ýetdi. «Goşgudan galan gyýkyndylar» diýen at bilen okyjylara hödürlän setirleri özboluşly şahyryň mydama täzeligiň gözleginde bolandygyndan habar berýärdi. Diňe şygryýetde däl, eýsem, ylymda-da monografiýalardan, ylmy makalalardyr nutuklardan galan «gyýkyndylar» bolýar. Olar möçberi taýyndan kiçi-de bolsa, adatça, özünde uly manylary jemleýär. Edil takyk ylymlarda nanotehnologiýa daýanylyp ýasalan owunjak enjamlaryň uly ähmiýete eýe bolşy ýaly.

Şahsy arhiwimde saklanylýan köp sanly «gyýkyndylaryň» birnäçesini iki topara bölüp, hormatly okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildim. Birinji topardakylar beýik akyldar şahyrymyz Magtymgula we onuň esaslandyran edebi mekdebiniň käbir wekillerine degişli bolsa, ikinji topardakylar mähriban halkymyzyň taryhy, ozalynda hem, medeni taryhy bilen baglanyşyklydyr.

Myratgeldi SÖÝEGOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor, filologiýa ylymlarynyň doktory