Kitap — gymmatly hazyna

4 Iýul 2021
930

Owalda-ahyrda kitap barada söhbet edilse, gözüni dikip oturan ýeke düýesini kitaba çalşan Welmyrat aga ýadyma düşýär. Kitaby mukaddes saýyp, onuň içindäki dana paýhasa göwni gurbatlanan ýaşulynyň humly hazynany goluna salyp, ökjesi ýeňläp barşy göz öňüme gelýär. Ýaşuly ol kitaba goja dünýäň manysyna düşünmegiň açary diýip bilýär. Onda okuwa, okamaga, bilmäge höwes bardy. Hawa, okuwa teşnelik bize ata-babalarymyzdan miras galan bahasyz gymmatlykdyr.

Kitap bilen höwrügmek, okamak, bilmek ozalky näbellilikleri aýan edýän, gözýetimleri giňeldýän, mümkinçilikleri artdyrýan, jemgyýeti öňe iterýän güýç bolup durýar. Ylymly-bilimli bolup, sowatlylyk bilen edilen işiň netijesi hemişe-de oňat, şowly bolýar. Sowatly, okumyş adam batyrgaý, bilesigeliji, işine ezber bolýar. Döredijilikli gözlegler hem öňegidişlik hemişe sowatly adamlaryň hemrasy bolýar. Önjeýli zähmet hem ösüş ýoly hemişe bilegi güýçliniň däl-de, bilimi güýçliniň ýeňiji bolýandygyny subut edip gelýär. Kitap dünýäni tanamak üçin iň gowy serişdeleriň biri hasaplanýar. Her ýaşdaky okyjy üçin niýetlenen kitaplar söz baýlygyňy, dünýägaraýşyňy giňeltmäge, täze zatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Gülbahar Täçgulyýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.