Talyplar tejribe toplaýarlar

7 Iýul 2021
954

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar hasap-synag möwsümini üstünlikli tamamlap, okuw-tejribelik sapaklarynda alan nazary bilimlerini berkidýärler. Institutymyzda tejribelik okuwlary welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän ylmy-önümçilik synag hojalyklarynda, institutyň okuw-tejribe meýdançalarynda geçirilýär. Tejribelik okuwlarynda institutyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, agronomçylyk fakultetlerinde bilim alýan Merjen Baýramowa, Ismail Halmuhammedow, Aýjemal Orazowa, Gülnäz Ýaňybaýewa ýaly birinji, ikinji, üçünji ýyl talyplary meýilnama esasynda gündelik edilmeli işleri doly berjaý edip, ýoldaşlaryna görelde bolmagy başarýarlar. Tejribelik okuwlaryna Begenç Meretklyçow, Ýaňyljan Palýazowa, Aýbibi Kutlyýewa, Şatlyk Pygamow ýaly mugallymlar ýolbaşçylyk edýärler. Institutymyzyň talyp ýaşlary hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-paýhasly baştutanlygynda bilim ulgamyny özgertmek bilen bagly alyp barýan adyl syýasatyny dogry berjaý etmek maksadyna eýerip, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi ylmy esasda alyp barmak bilen, ekin meýdanlarynyň toprak, howa şertlerine görä tohumy saýlap almak, olaryň hasyllylygyny gowulandyrmak, ekilen ekinlere dürli usullarda suw bermek, ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreş çärelerini guramak, oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak, abatlamak ýaly meseleleri içgin öwrenýärler we alan nazary bilimlerini tejribelikde berkidýärler. Bu bolsa geljekde oba hojalyk ulgamynda zähmet çekjek talyplaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine doly esas berýär.

Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.