Ýaş zehinleriň üstünligi

8 Iýul 2021
959

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, zehinli ýaşlarymyz halkara derejede geçirilýän olimpiadalara, ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şu ýylyň 29-njy iýuny — 5-nji iýuly aralygynda Moldowa Respublikasynyň Bilim, medeniýet we ylmy-barlag ministrligi hem-de Okuw meýilnamalaşdyrylyş we bahalandyryş milli agentligi tarapyndan uzak aralykdan (onlaýn görnüşde) 25-nji Ýaşlaryň Balkan matematika olimpiadasyna (JBMO — 2021) 21 döwletiň mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlaryň 22-si gatnaşdy. Şonda Türkmenistan, Azerbaýjan, Albaniýa, Gresiýa, Kipr, Bosniýa we Gersegowina, Indoneziýa, Täjigistan, Gazagystan, Filippinler, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Demirgazyk Makedoniýa we Türkiýe ýaly döwletleriň zehinli okuwçylarynyň 128-si bäsleşdiler. Bu halkara bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherindäki mekdepleriň okuwçylarynyň 6-sy gatnaşyp, milli toparda çykyş etdi. Olardan Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 8-nji synp okuwçysy Selim Halykow kümüş medala mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Rahym Agamyradow bilen Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Süleýman Koçkarow bürünç medallara mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan düzülen toparyň ýolbaşçysy, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».