"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Özgerişlere beslenýän ulgam

Gahryman Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň durnukly bilim-terbiýe almaklaryna, olaryň watançylyk we milli ruhda terbiýelenmeklerine aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiz barada edýän irginsiz aladalarynyň netijesinde aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller kemala gelýär. Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» biz — mugallymlaryň öňünde uly jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Mähriban Arkadagymyzyň öňde goýýan wezipeleriniň hötdesinden gelmegimiz üçin ähli şertler bar. Ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary sanardan köp. Okuw-terbiýeçilik işleriniň ilerlemegi üçin orta mekdepleriň kompýuterler we multimediýa tehnologiýalary, okuw kitaplary we gollanmalary bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin biz — mugallymlar güýç-gaýratymyzy aýamarys.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Eziz Diýarymyzyň geljeginiň has-da parlak bolmagyny gazanmagyň esasy şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şol esasdan hormatly Prezidentimiz bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda tutumly işleri yzygiderli dowam etdirýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şonuň bilen bagly meseleleriň ählisi hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän uly sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içerki we daşarky syýasat ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmagyň baş çeşmesidir.

Bilim ojaklary bagtyýar çagalara garaşýar

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýaşlaryň çuňňur bilim almaklary ugrunda uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde 2020 — 2021-nji okuw ýyly üstünlikli tamamlanan dessine täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri başlandy. Şunuň bilen baglylykda, orta mekdepleriň täze tehnologiýalar bilen üpjünçiligi gözden geçirilýär, synp otaglary abadanlaşdyrylýar. Baglaryň düýbi ýumşadylyp, rejeleýiş işleri geçirilýär. Tomusky dynç alyş möwsüminden dolanyp geljek mekdep okuwçylaryny garşylamaga bilim ojaklarynda mynasyp taýýarlygyň görülýändigi, göwnüňi göterýär. Bu işler etrapdaky 3, 20, 24-nji orta mekdeplerde has ýokary derejede geçirildi. Abatlaýyş-bejeriş işleri boýunça ýörite bäsleşik yglan edildi. Çagalar baglarynyň hem 31-sinde abadanlaşdyryş-abatlaýyş işleri geçirildi. Etrabyň bilim işgärleri hem täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görýärler. Olar milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda okuw ýylynyň dowamynda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagyna işjeň gatnaşyp, häzirki wagtda bolsa bu babatda bilim-tejribelerini baýlaşdyrýarlar, özara pikir alyşýarlar. Bu bolsa täze okuw ýylynda okuwçylara bilim bermegiň hiliniň we netijeliliginiň has ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer. Täze okuw ýylyna aýratyn sabyrsyzlyk bilen garaşýan bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle ýokary derejede orta bilim bermek bilen baglanyşykly öňde goýan wezipelerin

Maksadymyz — mynasyp nesli kemala getirmek

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň has netijeli usullary giňden ornaşdyrylýar. Bilim özgertmeleri dünýäniň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, şol bir wagtda türkmeniň milli terbiýeçilik ýörelgelerine pugta daýanýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet syýasaty ýaş nesli kämil şahsyýetler edip kemala getirmeklige mümkinçilik berýän ösen häzirkizaman bilim-terbiýeçilik ulgamyny berkarar etmäge gönükdirilendir. Çünki kämil bilimli we terbiýeli, ýokary hünär taýýarlykly nesil kuwwatly Watanyň nurana hem bagtyýar geljegidir.

Durmuşyň kadasy — paýhas pendi

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ilkinji bilim-terbiýäniň ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere irki ýaşdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda Gahryman Arkadagymyz ähli zerur şertleri döredip berýär. Şeýle mümkinçilikler biziň çagalar bagymyzda hem döredilen. Bu ýerde çagalar bilen alyp barýan bilim-terbiýeçilik işlerimizi millilik ýörelgelerimize esaslanyp guraýarys.

“TÜRKMENGAZ” DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Nebit, gaz känleriniň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak. 2. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak.

Dalaşgärler üçin möhüm möwsüm

«7/24.tm», №30 (61), 26.07.2021. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde hem welaýatlarda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde 2021-2022-nji okuw ýyly üçin dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek belle-nilen tertipde dowam edýär.

Ýagty geljegi nazarlap

Diýarymyz öz Garaşsyzlygyny ykrar edip, uly ösüşlerdir özgerişler ýoluna düşdi. Türkmenistan döwletimiz syýasatda, ykdysadyýetde asyrlara barabar öňegidişlikler gazanýar. Oba hojalygynda, dokma, nebit-gaz pudaklarynda, ylym-bilimde, lukmançylykda, senagatda üstünlikli sepgitlere ýetmek bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygy ýylsaýyn artýar. Garaşsyz Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda iň çalt depginlerde ösýän hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has oňaýlylygy bilen tapawutlanýan döwletdir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň halkara abraýy, mertebesi belende göterilýär, ylym-bilim ulgamynda geçirilýän işler giň gerim alýar. Bilşimiz ýaly, milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri döwür talap edýär, şonuň üçinem ylmyň uly tizlik bilen ösmegi üçin intellektual güýjüň zerurlygy äşgär bolýar.

Nesil terbiýesi — möhüm mesele

Gahryman Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça işleri güýçlendirmek, olary guramaçylykly alyp barmak babatda jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Şol wezipelerden ugur alyp, etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän çäreler yzygiderli geçirilip durulýar. Bu işlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşi hem özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary, hukuk goraýjy, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri bilen bilelikde geçirýän «Nesil saglygy — ýurt baýlygy», «Sagdyn bedende — sagdyn ruh», «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» atly çärelerimiz röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Etrap ýaşlar guramamyz tarapyndan ýaşlaryň sport çärelerine gatnaşmagyny gazanmak, tertip-düzgüni berkitmek, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, ata Watana, hormatly Prezidentimize, il-güne bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirýän wagyz-ündew duşuşyklarymyzda edilýän gürrüňler hem oňyn netijesini berýär. Ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerip, sport bilen meşgullanýarlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda edýän aladalaryna mynasyp zähmetleri bilen jogap berýärler.

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

Ähli ýerde bolşy ýaly, Kaka etrabynda hem 2021—2022-nji okuw ýylyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi. Şonda okuw otaglarynda ulanylan gurluşyk serişdeleriniň ekologiýa taýdan arassalygyna we hiline aýratyn üns berildi. Mekdep mugallymlary özlerine degişli synp otaglarynyň döwrebap görkezme esbaplarydyr gollanmalar bilen üpjünçiligine uly ähmiýet berýärler. Däbe görä, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirilýär. Bilim işgärleriniň durmuşyndaky bu ähmiýetli çärä etrapda häzirden taýýarlyk görülýär. Munuň üçin etrap bilim bölümi tarapyndan degişli tagallalar edilýär. Bilim ulgamynda okatmagyň işjeň-öwreniş usullaryny ornaşdyrmak boýunça toplanan tejribeleri ara alyp maslahatlaşmakda, mugallymlaryň sapaklara taýýarlyk derejelerini hem-de bilimiň hilini ýokarlandyrmakda bilim işgärleriniň awgust maslahatynyň orny uludyr. Şeýle bolansoň, bu çärä ykjam taýýarlyk görmek we onuň netijeliligini gazanmak möhüm bolup durýar.

Ýokary derejeli deňlemeleri çözmek

Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde, ýaşlara döwrebap bilim bermekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwrüň talabyny ödeýän hünärmenleri taýýarlamak, tebigy ylmy ugurly dersleri (fizika, biologiýa, himiýa, geografiýa) çuňňur özleşdiren ýaşlary taýýarlamak esasy maksadymyz bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem biziň ýurdumyzda takyk we tebigy ugurly ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanynyň artdyrylmagy, olarda berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagy barada yzygiderli alada edilýär. Takyk ugurly mekdeplerde adaty mekdeplere garanyňda degişli dersleri has çuňlaşdyryp öwretmek zerur bolup durýar. Aýdylanlara anyk mysallarda seredeliň. Umuman alanyňda, ýokary derejeli deňlemeler aşakdaky usullaryň birini ulanmak arkaly çözülýär:

Sapaly dynç alyş günleri

Çagalyk dünýäsi üýtgeşik hem gyzykly. Şatlykdan, mähirden, gülküden doly şol dünýäniň durkuny bitewi bir mazmuna öwürýän zat bolsa, onuň durmuşy bolmaly. Her bir güni, pursady manyly geçýän çaganyň häsiýeti hem, özüni alyp barşy hem tüýs terbiýe gören diýilýänlerden bolýar. Bu günki çagalar — ýurdumyzyň geljegi. Hut şonuň üçinem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalar hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sözümizi çagalardan başladyk, dowamyny bolsa, olaryň bu pasylda günlerini nähili hoşwagt geçirýändigi bilen baglanyşdyrmak isleýäris.

Okuw mekdepleri ýaşlara garaşýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri ýaşlary döwrebap bilimli, giň gözýetimli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda döwrüň talabyna görä ýurdumyzyň dürli pudaklaryna degişli ýokary bilimli ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň gözbaşydyr. Halkymyzyň ykbaly geçmişde hem, biziň günlerimizde hem ylym we bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýip nygtamagy muny aýdyň tassyklaýar.

Okuw maslahaty geçirildi

Welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde welaýatymyzdaky orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlary bilen bir hepdelik okuw maslahaty guraldy. Hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň iş meýilnamasy esasynda guralan maslahatda welaýatyň etraplaryndan gelen ýokary derejeli bedenterbiýe mugallymlary öz iş tejribeleri barada çykyş etdiler. Olardan Görogly etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň mugallymy Bekmyrat Saryjaýewiň «Bedenterbiýe dersinde dersara baglanyşygy üpjün etmegiň usullary», S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy Zerifbaý Madaminowyň «Bedenterbiýe sapaklarynda milli oýunlary öwretmegiň ähmiýeti» we beýleki tejribeli mugallymlaryň dürli mowzuklar boýunça çykyşlary diňlenildi. Soňra diňleýjilerden Daşoguz şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy Gülşat Nurmedowa, Akdepe etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Gurban Kakaýew dagy çykyş edip, özlerinde galan täsirleri beýan etdiler.

Ak ýollary arzuwlap

Orta mekdepde jemleýji döwlet synaglarynyň dowam edýän günlerinde Aýlar Ernepesowany mugallymlary, maşgala agzalary, deň-duşlary ýene-de bir begençli habar bilen gutladylar. Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň 11-nji synpyny üstünlikli tamamlan Aýlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýyl geçirilýän ýaş alymlaryň arasyndaky ylmy-taslama bäsleşiginiň şäher we welaýat tapgyrynda baş baýraga mynasyp boldy. Ol bu bäsleşige ylmy ýolbaşçysy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Hurmagül Jumabaýewanyň ýardam bermeginde taýýarlan «Ýaşlaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmegiň ýollary» atly ylmy işi bilen gatnaşdy. Aýlaryň taýýarlan bu ylmy işiniň derwaýyslygy ýaşlaryň oý-pikirlerini dilden diňleýjä düşnükli bolar ýaly logiki yzygiderlilikde beýan etmekden, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda ulanylan çeperçilik serişdeleriniň tutýan ornuny öwrenmekden we wagyz etmekden ybarat bolup durýar. Ylma höwesek Aýlar ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen «Ylymly ýaşlar — berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigine hem işjeň gatnaşdy we h

Ýaşlara uly ynam bar

Ösüp barýan ýaş nesliň kämil hünärli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri baradaky alada halkyň ertirki abadan durmuşynyň binýady bolup durýar. Bilimli, hünärli nesil milletiň ýeten derejesiniň beýany bolup öňe çykýar. Ýaş nesiller bilimlerini kämilleşdirmek, hünär öwrenmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, durmuşyň täze gapysyny açýarlar. Öz çagalyk arzuwlarynyň çagyrýan dünýäsine uly höwes, hyjuw bilen girmäge, öňde duran basgançaklardan üstünliklere sary dyrmaşmaga, il-ýurt bähbitli işleri bitirýän hünärmenler bolmaga ymtylýan ýaşlar halkymyzyň umyt gunçalary, göz guwanjy bolup begendirýärler. Ýaşlara täzelige ymtylmak, bilesigelijilik mahsus. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy baradaky aladasy ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi baradaky tagallasy bilen utgaşyp gidýär. Çünki islendik öňdebaryjy ýurt ösüp barýan nesliň ylymly-sowatly, hemme tarapdan taýýarlykly adamlar bolup ýetişmekleri babatda düýpli binýada daýanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlary alada bilen gurşap almagy, bilim syýasatyna uly üns gönükdirmegi, olaryň ähli amatlyklary bolan okuw mekdeplerinde bilim-terbiýe almaklary, ýerlerde täze iş orunlarynyň döredilmegi ugrunda uly başlangyçlaryň başyny başlap, tutumly maksatlara badalga bermegi ýaş nesle bolan beýik ynamdan gözbaş alýandyr.

Bilim — ösüşiň berk binýady

Perzent terbiýesine uly üns berilmelidigi ata-baba aýdylýan nakyllarda we paýhasly sözlerde beýan edilýär. Görüm-görelde, edep-terbiýe babatda halkymyzyň owaldan gelýän arassa däp-dessurlary uly mekdepdir. Her bir türkmen öýüniň çagalary asylly terbiýe esasynda terbiýelenipdir. Munuň üçin oglan-gyzlara dürli hünärler öwredilipdir. Bazar gatnaşyklarynyň gerimi giňäp, görnüşi üýtgese-de, ýagdaýlardan baş alyp çykmak, serişdeleriňi peýdalanyp bilmek, täze mümkinçilikleri gözlemek babatda sagdyn ykdysady düşünjeleriň bolmagy wajypdyr. Her bir adamyň ykdysady sowatlylygynyň ýokary derejede bolmagy onuň öz bähbidinedir. Ýurdumyzdaky durmuş-ykdysady özgertmeler zähmet bazarynyň ýokary talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Mugallymlar döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, ykdysady terbiýe babatda täzeçe çemeleşmeleriň gözleginde bolýarlar.

Ene dili dersinde okuwçylaryň sözleýşini ösdürmek

Başlangyç synplarda ene dili dersini öwretmekde alnyp barylýan işler çeper edebiýata söýgi döretmegi, ene dilini many-mazmuny bilen öwretmegi göz öňünde tutýar. Geçilýän sapaklarda bilim berijilik, terbiýeleýjilik, ösdürijilik meseleleri umumylykda çözülýär. Başlangyç synplarda çagalara ene dili barada düşünje bermek, edebi diliň talabyna laýyklykda sözläp, ýazyp bilmek, kitap bilen talabalaýyk işlemek, okuwçylaryň sözleýiş we ýazuw dilini ösdürmek okatmagyň usulyýetiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Ene dili dersi öwredilende iki maksat, ýagny umumybilim bermek we adamzat aragatnaşygynyň serişdesi bolan dil öwretmek göz öňünde tutulýar. Döwlet bilim resminamalary bize ýol-ýörelge bolup, çagalary hemmetaraplaýyn terbiýelemekde, bilim bermekde, ykdysady, medeni durmuşda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda uly ýardam edýär. Başlangyç synplaryň okuw maksatnamalaryna laýyklykda, bilim bermek bilen mugallym ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmegine ýol açýar.

Milli ýörelgä sarpa

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň bagtly ýaşlary üçin okamaga, öwrenmäge, döretmäge, gurmaga, hünärli bolmaga ähli şertler döredilýär. Biz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde erkana ýaşaýandygymyz, erkin döredýändigimiz, işleýändigimiz üçin bagtlydyrys. Kämil nesli kemala getirmekde maşgala biziň baş galamyzdyr. Maşgala milletiň aýratynlygynyň emele gelýän we kämilleşýän ýeridir, terbiýe ojagydyr. Biz hemişe onuň ýylysyna çoýunmaly, oňa bil baglamaly.

Biologiýany okatmagyň döwrebap usullary

Bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ak mekdepleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň iň täze tehnologiýalar, kompýuter serişdeleri, multimedia enjamlary bilen üpjün edilmegi ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga örän oňat mümkinçilik döredýär. Şonuň bilen birlikde-de, bilim işgärleriniň öz işini döwrebap guramaklaryny, innowasion iş usullaryndan peýdalanmaklaryny talap edýär. Indi birnäçe ýyldan bäri biologiýa mugallymy bolup zähmet çekýärin. Bu sapakda okuwçylara bizi gurşap alýan tebigat, ondaky ösümlikler, janly-jandarlar, olaryň gurluşy, ýaşaýşy baradaky maglumatlary öwredýärin. Şunda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan ajaýyp eserleriň mugallymlar üçin gymmatly gollanmadygyny aýratyn belläsim gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserini biologiýa sapaklarynda yzygiderli peýdalanýaryn.