Okuw mekdepleri ýaşlara garaşýar

22 Iýul 2021
1122

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri ýaşlary döwrebap bilimli, giň gözýetimli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmäge ruhlandyrýar.

Häzirki wagtda bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda döwrüň talabyna görä ýurdumyzyň dürli pudaklaryna degişli ýokary bilimli ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň gözbaşydyr. Halkymyzyň ykbaly geçmişde hem, biziň günlerimizde hem ylym we bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýip nygtamagy muny aýdyň tassyklaýar.

Kaýys DAŇATAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy.