Milli ýörelgä sarpa

20 Iýul 2021
1038

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

Ata Watanymyzyň bagtly ýaşlary üçin okamaga, öwrenmäge, döretmäge, gurmaga, hünärli bolmaga ähli şertler döredilýär. Biz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde erkana ýaşaýandygymyz, erkin döredýändigimiz, işleýändigimiz üçin bagtlydyrys. Kämil nesli kemala getirmekde maşgala biziň baş galamyzdyr. Maşgala milletiň aýratynlygynyň emele gelýän we kämilleşýän ýeridir, terbiýe ojagydyr. Biz hemişe onuň ýylysyna çoýunmaly, oňa bil baglamaly.

Äşe HANALYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň agzasy.