Bilim ojaklary bagtyýar çagalara garaşýar

26 Iýul 2021
942

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýaşlaryň çuňňur bilim almaklary ugrunda uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde 2020 — 2021-nji okuw ýyly üstünlikli tamamlanan dessine täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri başlandy. Şunuň bilen baglylykda, orta mekdepleriň täze tehnologiýalar bilen üpjünçiligi gözden geçirilýär, synp otaglary abadanlaşdyrylýar. Baglaryň düýbi ýumşadylyp, rejeleýiş işleri geçirilýär. Tomusky dynç alyş möwsüminden dolanyp geljek mekdep okuwçylaryny garşylamaga bilim ojaklarynda mynasyp taýýarlygyň görülýändigi, göwnüňi göterýär.

Bu işler etrapdaky 3, 20, 24-nji orta mekdeplerde has ýokary derejede geçirildi. Abatlaýyş-bejeriş işleri boýunça ýörite bäsleşik yglan edildi. Çagalar baglarynyň hem 31-sinde abadanlaşdyryş-abatlaýyş işleri geçirildi. Etrabyň bilim işgärleri hem täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görýärler. Olar milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda okuw ýylynyň dowamynda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagyna işjeň gatnaşyp, häzirki wagtda bolsa bu babatda bilim-tejribelerini baýlaşdyrýarlar, özara pikir alyşýarlar. Bu bolsa täze okuw ýylynda okuwçylara bilim bermegiň hiliniň we netijeliliginiň has ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer. Täze okuw ýylyna aýratyn sabyrsyzlyk bilen garaşýan bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle ýokary derejede orta bilim bermek bilen baglanyşykly öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmäge ýokary ruhubelentlik bilen girişerler.

Enejan ERGEŞOWA,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.