Bilimli nesil — kuwwatly Watan

26 Iýul 2021
902

Eziz Diýarymyzyň geljeginiň has-da parlak bolmagyny gazanmagyň esasy şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şol esasdan hormatly Prezidentimiz bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda tutumly işleri yzygiderli dowam etdirýär.

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şonuň bilen bagly meseleleriň ählisi hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän uly sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içerki we daşarky syýasat ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmagyň baş çeşmesidir.

Baýatgül EŞANOWA,
welaýat prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.