Okuw maslahaty geçirildi

22 Iýul 2021
1097

Welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde welaýatymyzdaky orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlary bilen bir hepdelik okuw maslahaty guraldy.

Hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň iş meýilnamasy esasynda guralan maslahatda welaýatyň etraplaryndan gelen ýokary derejeli bedenterbiýe mugallymlary öz iş tejribeleri barada çykyş etdiler. Olardan Görogly etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň mugallymy Bekmyrat Saryjaýewiň «Bedenterbiýe dersinde dersara baglanyşygy üpjün etmegiň usullary», S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy Zerifbaý Madaminowyň «Bedenterbiýe sapaklarynda milli oýunlary öwretmegiň ähmiýeti» we beýleki tejribeli mugallymlaryň dürli mowzuklar boýunça çykyşlary diňlenildi. Soňra diňleýjilerden Daşoguz şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy Gülşat Nurmedowa, Akdepe etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Gurban Kakaýew dagy çykyş edip, özlerinde galan täsirleri beýan etdiler.

Amangeldi ATABAÝEW,
Akdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.