Bilim — ösüşiň berk binýady

20 Iýul 2021
1107

Perzent terbiýesine uly üns berilmelidigi ata-baba aýdylýan nakyllarda we paýhasly sözlerde beýan edilýär. Görüm-görelde, edep-terbiýe babatda halkymyzyň owaldan gelýän arassa däp-dessurlary uly mekdepdir. Her bir türkmen öýüniň çagalary asylly terbiýe esasynda terbiýelenipdir. Munuň üçin oglan-gyzlara dürli hünärler öwredilipdir.

Bazar gatnaşyklarynyň gerimi giňäp, görnüşi üýtgese-de, ýagdaýlardan baş alyp çykmak, serişdeleriňi peýdalanyp bilmek, täze mümkinçilikleri gözlemek babatda sagdyn ykdysady düşünjeleriň bolmagy wajypdyr. Her bir adamyň ykdysady sowatlylygynyň ýokary derejede bolmagy onuň öz bähbidinedir. Ýurdumyzdaky durmuş-ykdysady özgertmeler zähmet bazarynyň ýokary talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Mugallymlar döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, ykdysady terbiýe babatda täzeçe çemeleşmeleriň gözleginde bolýarlar.

Altyn HYDYROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.