Ene dili dersinde okuwçylaryň sözleýşini ösdürmek

20 Iýul 2021
1726

Başlangyç synplarda ene dili dersini öwretmekde alnyp barylýan işler çeper edebiýata söýgi döretmegi, ene dilini many-mazmuny bilen öwretmegi göz öňünde tutýar. Geçilýän sapaklarda bilim berijilik, terbiýeleýjilik, ösdürijilik meseleleri umumylykda çözülýär. Başlangyç synplarda çagalara ene dili barada düşünje bermek, edebi diliň talabyna laýyklykda sözläp, ýazyp bilmek, kitap bilen talabalaýyk işlemek, okuwçylaryň sözleýiş we ýazuw dilini ösdürmek okatmagyň usulyýetiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Ene dili dersi öwredilende iki maksat, ýagny umumybilim bermek we adamzat aragatnaşygynyň serişdesi bolan dil öwretmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet bilim resminamalary bize ýol-ýörelge bolup, çagalary hemmetaraplaýyn terbiýelemekde, bilim bermekde, ykdysady, medeni durmuşda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda uly ýardam edýär. Başlangyç synplaryň okuw maksatnamalaryna laýyklykda, bilim bermek bilen mugallym ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmegine ýol açýar.

Hallygözel BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 69-njy orta mekdebiň mugallymy.